Awstraliýanyň Morton-Beý şäherinde ulag dykylyşyklaryna garşy täzeçe göreşmek kararyna geldiler. Şunlukda, olar emeli aň tarapyndan dolandyryljak ýolyşykly "akylly" çatrygy synagdan geçirmäge taýýarlanýarlar diýip, ABC News habar berdi.
Taslama 170 müň awstraliýa dollary (takmynan, $122 müň töweregi) bölünip berildi, ony amala aşyrmak üçin gerek bolan tehnologiýany bolsa Awstriýanyň Swarco kompaniýasy üpjün etdi.
Ulgam asfaltdaky öz möwritini ötüren datçikleriň hem-de taýmerleriň ornuny kameralar we LiDAR bilen çalşar. Emeli aň hakyky wagt tertibinde ähli ýol hereketine gatnaşyjylary: awtomobilleri, awtobuslary, welosipedçileri we pyýadalary görer hem-de biderek garaşyp durulmaz ýaly, kime ýaşyl yşygy ýakmalydygyny ýüzugra çözer.
Synaglar 2026-njy ýylyň ahyrynda başlar. Dogrusy, häzirlikçe bu diňe ýeke-täk bir çatrykda geçirilýän synag bolup, ony işläp düzüjiler hem entek maglumatlaryň goraglylygy we netijeliliginiň derejesi hakda anyk zat aýtmaga howlukmaýarlar.
Bardy-geldi täze çemeleşme şowuna düşse, synag has giň gerimde dowam etdiriler.