Meta smartfonyň ýerini tutup biljek düýpgöter täze gajeti tanyşdyrdy

Düýn, 19:502,483
1 / 4

Meta kompaniýasy emeli aň bilen smartfonsyz hemişe aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän täze, kiçi göwrümli Meta Charm enjamyny döretdi. Täze enjamy kompaniýanyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg tanyşdyrdy.

Enjamyň ululygy Apple AirPods gulaklygynyň gutusyna çalymdaş. Onda diagonaly, takmynan, 2 dýuým bolan sensor ekran we 5G modem bar.

Enjam täze Muse emeli aň kömekçisi bilen işleýär. Şeýle hem onda ses arkaly dolandyryş mümkinçiliklerinden we dürli şekillerden peýdalanyp bolýar.

Meta Charm enjamynyň satuwyny dekabr aýynda başlamagy meýilleşdirýär, ýöne onuň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.

Kompaniýa akylly äýneklerde ulanylýan Muse kömekçisiniň mümkinçiliklerini hem giňeltdi. Indi emeli aň kömekçisi kompýuter bilen işleşip, dürli hyzmatlardan we dükanlardan peýdalanyp biler. Ulanyjylar ses buýruklarynyň kömegi bilen söwda edip, lukmana ýa-da başga hünärmenlere kabul edilişige ýazylyp hem-de beýleki işleri ýerine ýetirip bilerler.

Mundan başga-da, Meta adaty äýnegiň galyňlygyndaky täze wirtual hakykat enjamyny görkezdi. Onuň agramy, takmynan, 100 gram bolup, batareýasy we prosessory aýratyn bölekde ýerleşdiriler. Enjamyň bahasy 1299 dollar. Ony 2027-nji ýylyň ýazynda satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýa kameralary bolmadyk Ray-Ban Meta Audio akylly äýneklerini hem tanyşdyrdy. Olar sesi ýazga geçirip bilýär. Äýnekler 13-nji oktýabrdan başlap, 349 dollardan satylyp ugrar. Kameralaryň aýrylmagy bolsa, enjamyň galyňlygyny ýukaltmaga we batareýanyň iş wagtyny 12 sagada çenli uzaltmaga şert döretdi.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler ses ýazgysynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly şahsy eldegrilmesizlik meselelerini ünsden düşürmezligiň wajypdygyny hem belleýär.