2023-nji ýylyň başyndan bäri Amazon, Google, Microsoft we Meta kompaniýalary emeli aňy ösdürmäge takmynan 1,1 trillion dollar gönükdirdiler. Bu barada "Financial Times" neşiri kompaniýalaryň soňky maliýe hasabatlaryna salgylanyp habar berýär.
Çaklamalara görä, diňe 2026-njy ýylyň özünde bu dört sany tehnologiýa ägirdiniň jemi maýa goýum çykdajylary ýene-de takmynan 745 milliard dollar artyp biler.
Maýa goýumlaryň esasy bölegi maglumat merkezlerini gurmaga, ýöriteleşdirilen çipleri satyn almaga we olary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge degişlidir.
Analitikleriň bu çykdajylaryň özüni ödäp-ödemejekligi baradaky aladalaryna garamazdan, maýa goýumlar eýýäm kompaniýalaryň maliýe netijelerinde ýüze çykyp başlady. Google, Amazon we Microsoft kompaniýalary hasaplaýyş kuwwatlyklaryny üpjün edýän bulut bölümleriniň ösüş tizliginiň ýitileşendigini habar berdiler. Öz bulut biznesi bolmadyk Meta bolsa emeli aňyň mahabatlary has netijeli gönükdirmäge kömek edýändigini, şonuň netijesinde kompaniýanyň çärýekdäki girdejisiniň 28 göterim artandygyny mälim etdi.
"Maýa goýumlar babatda aýdylanda, serişdeleriň aglaba bölegi çipleri we elektrik energiýasyny satyn almaga, şeýle hem maglumat merkezlerini gurmaga gönükdirilýär" diýip, "RBC Capital" kompaniýasynyň analitigi Rişi Jaluriýa belledi.