Microsoft-yň hyzmatlaryndan peýdalanýan on müňlerçe ulanyjy Outlook, Teams we beýleki programmalaryň işinde bökdençliklere sezewar boldy. Downdetector-yň maglumatlaryna görä, näsazlyklar 74 ýurtda we sebitde hasaba alyndy.
Näsazlyk 13 sagatdan gowrak dowam etdi. Ol, şeýle-de emeli aň kömekçisi Copilot-yň we kompaniýalaryň dürli programmalarynyň arasynda maglumat alyşmak üçin ulanylýan Microsoft 365 ulgamynyň käbir düzüm bölekleriniň işine-de öz täsirini ýetirdi.
Ýaponiýada ýüze çykan näsazlyk ýurduň hökümetiniň maglumat ulgamynyň infrastrukturasynyň işine hem täsir etdi. Bu barada ýurduň Ministrler kabinetinde habar berdiler.
Näsazlykdan ejir çekenleriň arasynda OpenAI we Anthropic ýaly emeli aň kompaniýalary, Hindistanyň awiakompaniýalary we başga-da ençeme guramalar bar.
Microsoft Demirgazyk we Günorta Amerikadan gelip gowşan Exchange Online poçta gutularyna girmek bilen baglanyşykly kynçylyklar baradaky habarlary derňeýändigini mälim etdi. Soňra kompaniýa bökdençlikleriň beýleki sebitlerde hem ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy.
Microsoft-yň maglumatlaryna görä, hyzmatlaryň kesilmegine birnäçe sebitdäki infrastruktura düşýän agramyň artmagy sebäp bolupdyr. Kompaniýa maglumat akymlaryny alternatiw ugurlara gönükdirdi. Şondan soň ulgamlaryň işi kem-kemden kadalaşyp başlady, emma makala çap edilýän wagty näsazlyklary doly aradan aýyrmak henizem başardanok.