Taksa itiniň portretini $3,3 milliona satjak bolýarlar: ony Dewid Hokni döredeni üçin bahasy şeýle

Düýn, 19:042,674

Iňlis suratkeşi Dewid Hokniniň «It №17» atly eseri Christie’s auksionynda satuwa çykaryldy. Eseriň başlangyç bahasy 1,5–2,5 million funt sterling aralygynda (€2,9 million) bolar diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Suratda Dewid Hokniniň itleriniň biri — Stenli atly taksa şekillendirilen. Itiň ady aktýor Sten Loreliň şanyna dakylypdyr. Söwda öýüniň häzirki zaman sungaty bölüminiň ýolbaşçysy Tessa Lord eseri «örän seýrek duşýan» hem-de «diýseň gyzykly» diýip häsiýetlendirdi.

Biraz soň suratkeş Buji atly ýene bir taksany alypdyr. 1994–1995-nji ýyllarda Dewid Hokni öý haýwanlarynyň şekili çekilen 40-a golaý surat döredipdir. Bu eserler soňra «It toplumy» diýlip atlandyrylan tapgyra girizilipdir. «It №17» şol tapgyrdan auksiona çykarylan ilkinji eser boldy. Satuwlar 14-nji oktýabrda geçiriler.

Dewid Hokni 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol, esasan, howuzlary şekillendirýän eserleri, şol sanda «Güýçli şalpyldy» we «Suratkeşiň portreti (Iki adamly howuz)» ýaly suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy. Ady agzalan ilkinji eser 2018-nji ýylda Christie’s auksionynda 90,3 million dollara satyldy.