Marafonda ýeňen efiopiýaly zenanyň dünýä rekordyny täzelemegine az galypdy, arman...

Şu gün, 15:034,094
1 / 2

Efiopiýaly Tigst Assefa ýekşenbe güni zenanlaryň arasynda geçirilen Berlin marafonynda (BMW Berlin Marathon) üçünji gezek ýeňiş gazanyp, dünýä rekordyny täzelemäge örän golaý geldi. Emma pellehana iki kilometr galanda, şikes sebäpli aýaklaryna diýen etdirip bilmedi diýip, Reuters habar berýär.

29 ýaşly türgen Brandenburg derwezesiniň öňündäki pellehana 2 sagat 11 minut 4 sekuntda ýetdi. Bu Berlin marafonynyň täze rekordy, Assefanyň şahsy rekordy we zenanlar marafonynyň taryhyndaky iň gowy üçünji netije boldy. Ol dünýä rekordyndan bary-ýogy 68 sekunt yza galdy.

Assefa ýaryşyň tutuş dowamynda diýen ýaly 2024-nji ýylda Çikagoda 2:09.56 netije bilen dünýä rekordyny goýan keniýaly Rut Çepngetiçiň görkezijisinden hem has çalt depginde ylgady. Bäşinji kilometrde efiopiýaly türgen eýýäm 25 sekunt öňe saýlandy. Marafonyň ýarysyny bolsa 1:04.57 wagtda geçdi. 25-nji kilometr bilen 35-nji kilometr aralygynda ol, degişlilikde, 15:15 we 15:17 minutlyk iki bölegi geçdi. 35-nji kilometrde onuň yzyndan gelýän türgenlerden aratapawudy, takmynan, bäş minuta deň boldy. 40-njy kilometrde bolsa Assefa, takmynan, 2:09.44 dünýä rekordynyň depgininde barýardy.

Emma "ýeser ýerde gaý turdy" diýleni boldy. Assefa ýeten şikes zerarly agsaklap, güýçli agyrydan ýaňa ýüzüni çytyp, wagtyny ýitirip başlady. Şeýlelikde, ol soňky 2,2 kilometri 8 minut 4 sekuntda geçdi. Bu onuň tutuş ýaryşdaky iň haýal geçen bölegi boldy. Ol pellehana dişlerini gysyp ýetdi-de, iň soňunda asfaltyň üstüne ýykyldy. Oňa meşhur efiopiýaly marafonçy Haýle Gebreselassie goltgy bermäge howlukdy.

World Athletics-iň maglumatyna görä, lukmanlar türgende aşyk (ahil) siňriniň bölekleýin üzülendigini anyklady.

«Bu çykyşyň öňünde baş egmeli. Ol aralygyň köp bölegini dünýä rekordynyň depgininde ylgady, ýöne soň siňrine şikes ýetip, bir bolmasyz ýagdaý ýüze çykdy» diýip, marafonyň direktory Mark Milde aýtdy.

Şeýle agyr ýagdaýa garamazdan, Assefa 2023-nji ýylda Berlinde goýan öňki rekordyny (2:11.53) 49 sekunt gowulandyrdy.

Çepngetijiň dünýä rekordy häzirlikçe resmi taýdan güýjünde galýar. Ýöne keniýaly türgen doping düzgünlerini bozandygy üçin ýaryşlardan üç ýyllyk çetleşdirildi we onuň Berlin marafonyna gatnaşmagyna rugsat berilmedi.

Pariž Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi we 2026-njy ýylyň London marafonynyň ýeňijisi Assefa ýaryşdan öň şahsy rekordyny täzelemek isleýändigini aýdypdy. Dünýä rekordy üçin göz öňünde tutulan 50 müň ýewro baýragy hiç kime berilmedi. Assefa ýeňiş gazanyp, 2 sagat 15 minutdan gowy netije görkezendigi üçin 60 müň ýewro aldy.

Zenanlaryň arasynda ilkinji üç orny hem efiopiýaly türgenler eýeledi. Bedatu Hirpa 2:16.53, Dera Dida bolsa 2:16.55 netije görkezdi. Assefanyň ikinji ýerdäki türgenden aratapawudy alty minuta golaý boldy.

Erkekleriň arasynda-da efiopiýaly türgen ýeňiş gazandy. Guýe Adola marafony 2:02.50 wagtda tamamlap, 2021-nji ýyldan soň ikinji gezek Berlin marafonynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşa 162 ýurtdan, takmynan, 56 müň adam gatnaşdy.

Assefa üçin bu Berlin marafonyndaky üçünji (2022, 2023 we 2026-njy ýyllarda) hem-de iri marafon ýaryşlaryndaky bäşinji ýeňşidir.

World Marathon Majors tapgyrynyň indiki ýaryşy 11-nji oktýabrda Çikagoda geçiriler.