Afrika ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny (geň görünse-de) ilkinji gezek kabul eder

Şu gün, 12:51958

Keniýanyň paýtagty Naýrobi 2029-njy ýylda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu Afrika yklymynda taryhda ilkinji gezek geçirilýän şeýle derejeli ýaryş bolar. Bu barada Bütindünýä ýeňil atletika federasiýasynyň (World Athletics) resmi saýty habar berdi.

Degişli karar World Athletics-iň geňeşi tarapyndan Budapeştde geçirilen mejlisde kabul edildi.2031-nji ýyldaky dünýä çempionaty bolsa Mýunhende geçiriler. Germaniýa iň soňky gezek bu ýaryşy 2009-njy ýylda kabul edipdi we ol Berlinde geçirilipdi. Bu çempionaty geçirmäge London bilen Rim hem dalaş edipdi.

«2029-njy we 2031-nji ýyllardaky dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin dört sany örän gowy teklibiň bolmagy biziň üçin uly mümkinçilik boldy. Şol sebäpli geňeşe karar kabul etmek hem aňsat düşmedi. Naýrobi bilen Mýunhen, hakykatdan-da, has tutanýerli çemeleşdiler. Bu iki şäher biziň sport görnüşimiz üçin düýbünden tapawutly, ýöne şol bir wagtyň özünde gyzykly mümkinçilikleri açýar. Iki şäher bilen hem dünýä derejesindäki iki çempionaty geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga başlamaga örän şat» diýip, World Athletics-iň başlygy Sebastian Kou belledi.

Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gezek Afrikada geçirilmegi, bir tarapdan, geňem görünýär. Sebäbi Afrika, aýratyn-da, Gündogar Afrika ýurtlary uzak aralyga ylgamakda we marafonda onlarça ýyl bäri dünýäniň öňdebaryjylygyny saklap gelýär. Keniýa dünýä çempionatlarynyň taryhynda gazanylan altyn medallaryň umumy sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar.

Muňa garamazdan, 1983-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryş Afrika yklymynda ýekeje gezek hem geçirilmändi. Başgaça aýdylanda, ýeňil atletika üçin zehinli türgenleri we dünýä rekordlaryny eçilen yklym şu wagta çenli bu çempionata ýer eýeçiligini edip bilmändi.

Munuň esasy sebäpleriniň biri ýaryşy geçirmek üçin zerur şertleriň örän agdyk bolmagydyr. Tomusky dünýä çempionatyny geçirmek üçin uly we ýokary derejeli stadionlar, çylşyrymly ulag-logistika ulgamy hem-de ýüzlerçe million dollarlyk maliýe serişdesi gerek.

Keniýa mundan öň 2025-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin hem dalaş edipdi. Emma infrastrukturasynyň ýeterlik derejede ösen bolmandygy sebäpli bu hukuk Tokio berlipdi.