Efiopiýaly ylgawçy 2 ýylda 2 gezek ýarym marafonuň rekordyny döwdi

Düýn, 21:42979

Efiopiýaly Ýomif Kejelça Buenos-Aýres (Argentina) şäherinde 21,1 kilometrlik aralygy 56 minut 51 sekuntda geçip, ýarym marafon boýunça dünýä rekordçysy adyny gaýtaryp aldy.

Kejelça ugandaly Jeýkob Kiplimonyň mart aýynda Lissabonda görkezen (heniz World Athletics tarapyndan tassyklanmadyk) 57 minut 02 sekuntlyk netijesini gowulandyrdy. Şonda Kiplimo Kejelçanyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda Walensiýada goýan (57.30) rekordyny täzeläpdi.

Kiplimo 2025-nji ýylda Barselonada ýarym marafon aralygyny 56.42-de geçse-de, ýaryşyň şertleriniň World Athletics-iň kadalaryna gabat gelmändigi sebäpli, bu netije rekord hökmünde hasaba alynmandy.

Kejelça 10 müň metr aralykda dünýä çempionatlarynyň iki gezek kümüş medalçysy (2019, 2025 ý.), şeýle-de zalda geçirilen dünýä birinjiliklerinde 3000 metr aralykda iki gezek altyn medal gazanan türgendir (2016, 2018 ý.).

Aprel aýynda Kejelça bilen keniýaly Sebastýan Sawe London marafonyny taryhda ilkinji gezek resmi ýaryşlarda iki sagatdan az wagtda ylgap geçmegi başardylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.