Messi karýerasynda 49-njy kubogyny gazandy we rekordyny täzeledi

Şu gün, 11:472,621
1 / 4

Lionel Messi «Inter Maýami» klubuna «Krus Asul» toparyny 2:0 hasaby bilen utmaga we ilkinji gezek Kampeones kubogyny gazanmaga kömek etdi. Argentinaly hüjümçi üçin bu professional karýerasynda 49-njy kubok boldy. Ol toparlaýyn gazanylan titullaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Messi birinji ýarymyň ortasynda Luis Suares topy geçirenden soň kellesi bilen urup, hasaby açdy. Bu gol argentinaly oýunçy üçin «Inter Maýami» toparynda 100-nji gol boldy.

Ikinji goly Leonyň pasy bilen 81-nji minutda Kazemiro saldy.

Messi «Barselona» toparynyň düzüminde 35, «PSŽ-de» 3, «Inter Maýami» klubunda 4 we Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 6 kubok gazandy. Häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylaryň arasynda onuň iň ýakyn bäsdeşi «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bolup galýar — onuň hasabynda 38 toparlaýyn titul bar.

Kampeones kubogy 2018-nji ýyldan bäri MLS Kubogy bilen Meksikanyň çempionatynyň ýeňijileriniň arasynda oýnalýar. «Inter Maýami» bu ýaryşda ilkinji gezek ýeňiş gazandy.

Mundan öň «Inter Maýami» bilen «Krus Asulyň» arasyndaky ýeke-täk resmi oýun 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda bolupdy. Şonda Messi amerikan klubunda ilkinji gezek çykyş edip, jerime urgusyndan ýeňiş goluny geçiripdi.