Xiaomi 18 modeli Pro görnüşlerindäkiden hem uly batareýa alyp biler

Düýn, 15:462,361
1 / 3

Dekabr aýynda Hytaýda tanyşdyrylmagyna garaşylýan Xiaomi 18 smartfonynyň esasy nusgasy has gymmat modelleriň derejesindäki tehniki aýratynlyklara eýe bolup biler.

Digital Chat Station atly insaýderiň maglumatlaryna görä, Xiaomi 18 smartfony 200 megapikselli kamera, sygymy 7 200 mA/sag bolan akkumulýator we 100 Wt-lyk çalt zarýadlandyryjy tehnologiýa bilen üpjün ediler. Enjamyň ýokary derejeli görnüşinde operatiw ýadyň göwrümi 16 GB, içerki ýadynyň göwrümi bolsa 1 TB ýetip biler. Onuň agramynyň, takmynan, 200 grama deň bolmagyna garaşylýar.

Smartfonyň beýleki çaklanylýan aýratynlyklarynyň hatarynda Snapdragon 8 Elite Gen 6 prosessory we 1.5K durulykdaky 6,4 dýuýmlyk tekiz ekran bar. Bald Panda atly başga bir insaýderiň maglumatynda esasy kameranyň üç moduldan ybarat boljakdygy aýdylýar: 200 megapikselli esasy kamera, 200 megapikselli teleobýektiw we 50 megapikselli aşa giň burçly kamera. Şeýle-de bolsa, dürli neşirlerde kamera ulgamy barada berilýän maglumatlar biri-birinden tapawutlanýar. Digital Chat Station smartfonyň öndürijisini anyk görkezmeýär. IT Home neşiri bolsa ozalky maglumatlar bilen gabat gelýändigi sebäpli, olaryň hut Xiaomi 18 modeline degişlidigini çaklaýar.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa Xiaomi 18 Pro modelini halkara bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. 2609BPN61I model belgili smartfon Hindistanyň Standartlar býurosynyň (BIS) sertifikasiýasyndan geçdi. Bu bolsa enjamyň Hindistanda satuwa çykarylmagyna taýýarlyk görülýändigini görkezýär. Ýurtda onuň satuwynyň şu ýylyň dekabr aýynda başlanmagyna garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, ýokary derejeli Xiaomi 18 Pro Max modeli Hindistanyň bazaryna çykarylmaz. Munuň mümkin bolan sebäpleriniň biri hökmünde modeliň ýokary bahasy we öndürijiniň oňa bolan islegiň ýeterlik boljagyna ynamynyň ýoklugy görkezilýär.

Xiaomi 18 Pro we Pro Max modelleriniň ikisi-de sentýabryň ahyrynda Hytaýda tanyşdyryldy. Olaryň dünýä bazaryndaky görkezilişi 17-nji noýabra meýilleşdirilýär.

Xiaomi 18 Pro modelinde 7 000 mA/sag sygymly, Xiaomi 18 Pro Max modelinde bolsa 8 500 mA/sag sygymly akkumulýatorlar ulanylýar. Eger täze maglumatlar tassyklanylsa, onda esasy Xiaomi 18 modeliniň akkumulýatory Pro görnüşindäkiden hem uly bolar.