Xiaomi kompaniýasy özüniň öndürýän täze Xring O3 prosessory bilen üpjün edilen ilkinji enjam bolan 18 Fold atly eplenýän smartfonuny köpçülige hödürledi. Täze önüm Hytaýda şolbada uly gyzyklanma döretdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, bellenen güni edilen sargydyň möçberi Xiaomi-niň eplenýän enjamlarynyň öňki nesliniň görkezijilerinden 310% köp boldy.
Açyk satuwa täze smartfon 10-njy sentýabrda çykarylar.

Kompaniýa täze modeliň üstünde, takmynan, 20 aý töweregi işledi. Xiaomi 18 Fold smartfony pasport ölçeginde bolansoň, kompaniýa ony has ykjam hem-de has uly eplenýän smartfonlary bilen deňeşdireniňde aralyk görnüş hökmünde kesgitleýär.
Esasy häsiýetnamalary:
- daşky AMOLED ekrany — 5,38 dýuým;
- epilýän içki displeýi — 7,58 dýuým;
- iki ekranyň hem adaptiw täzelenme ýygylygy — 1-den 120 Gs çenli;
- galyňlygy — açyk ýagdaýynda 5,02 mm, eplenen ýagdaýynda 10,68 mm;
- agramy — 219 g;
- esasy Xring O3 prosessory — 10 ýadroly, 3 nanometrlik tehnologiýa boýunça öndürilen;
- G2-Ultra NX grafiki prosessory — 16 ýadroly;
- neýroprosessor — 200 TOPS-a çenli;
- esasy kamera — 200 MP;
- ultra giň burçly kamera — 50 MP;
- periskop teleobýektiwi — 50 MP, 3,5 esse optiki ýakynlaşdyrma;
- batareýa — 6000 mAh;
- simli zarýad — 67 Wt, simsiz zarýad — 50 Wt.
Smartfon şeýle-de Changxin kompaniýasynyň LPDDR6 operatiw ýady bilen işleýän ilkinji täjirçilik enjamy boldy. Xiaomi birinji gezek öz mobil platformasyny we Hytaýda öndürilen täze nesil operatiw ýadyny bir wagtda hödürledi. Iki tehnologiýa hem biri-birine laýyklaşdyrylypdyr.
Solgun aýnaly adaty seriýa dört reňkde hödürlenýär: «Fantom gara», «Titan çal», «Zümerret daň» we çalymtyk «Ak merjen» reňklerinde.

Bahalary:
- 12 / 256 GB — 10 999 ýuan (~$1 640)
- 12 / 512 GB — 11 999 ýuan (~$1 788)
- 16 / 512 GB — 12 999 ýuan (~$1 937)
- 16 GB / 1 TB (LPDDR6 ýady bilen) — 14 999 ýuan (~$2 235)

Mundan başga-da, yzky paneli aşa berk keramika — kremniý nitridinden öndürilen çäkli Ceramic Special Edition seriýasy hem görkezildi. Onuň bahasy 15 999 ýuan (~$2 384) bolar.
Ýörite seriýa altynsow öwüşginli bezeg elementleri bilen utgaşýan «Imperator nefriti» reňkinde öndürilýär. Bu görnüşden bary-ýogy 1500 sany çykarylar. Şonuň üçin onuň ugrunda satuwa çykan badyna hakyky aw başlandy.

Häzirlikçe Xiaomi 18 Fold diňe Hytaý bazarynda tapdyrýar. Smartfonyň dünýä bazaryna çykaryljakdygy barada heniz maglumat ýok.