«Tehnika Dünýäsi» öý tehnikasyny we elektronikany abatlamak boýunça ussatlyk sapaklaryna çagyrýar

Şu gün, 07:322,152

«Tehnika Dünýäsi» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, ýaşlar üçin öý tehnikalaryny we elektron enjamlaryny abatlamak boýunça interaktiw ussatlyk sapaklarynyň tapgyryny geçirip başlaýar.

Bu başlangyç ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermegi we olaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmegi maksat edinýär.

Okuw sapaklary «Tehnika Dünýäsi» HJ-niň hyzmat merkezinde tejribeli halypa ussalaryň ýolbaşçylygynda maglumat beriş hyzmatlary we tehniki maslahatlar görnüşinde geçirilýär.

Gatnaşyjylar üçin iki görnüşli okuw göz öňünde tutulýar:

  • ussatlyk sapaklary (maglumat-tehniki okuw görnüşinde);
  • hakyky abatlaýyş ýagdaýlarynyň içgin seljermesi bilen amaly mysallar.

Gatnaşyjylar aşakdaky üç ugurdan birini saýlap bilerler:

  • Uly öý tehnikalary: kir ýuwujy we gap-gaç ýuwujy maşynlar, sowadyjylar, kondisionerler, mikrotolkunly peçler;
  • Kiçi öý tehnikalary: tozan sorujylar, ütükler, elektrik çäýnekleri, kofe maşynlary, blenderler, ýyladyjy enjamlar we beýleki abzallar;
  • Öý elektronikasy: telewizorlar, smartfonlar, monitorlar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu başlangyç ýaşlaryň tehniki başarnyklaryny ösdürmäge, inženerçilik pikirlenişini kemala getirmäge, şeýle hem enjamlardaky näsazlyklary anyklamagyň we olary aradan aýyrmagyň amaly usullaryny öwrenmäge ýardam berer.

Kompaniýa şeýle duşuşyklaryň gatnaşyjylar üçin häzirki zaman tehnologiýalary dünýäsinde täze mümkinçilikleri açjakdygyna we geljekde isleg bildirilýän hünärleriň birini saýlamaga kömek etjekdigine berk ynanýar.

Ýazylmaga howlugyň! Ýerler çäklidir!

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji jaý («Elektronika dünýäsi» binasy);
  • Telefon belgileri: 14-22-50, 14-22-54, 14-22-55;
  • E-mail: service.center@tehnikadunyasi.com