Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy
29.10.2025 11:35
2.8k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady
Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar
29.10.2025 10:57
6.1k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär
Toyota RAV4 retro görnüşe eýe bolýar: Mitsuoka Buddy täzeden çykýar
29.10.2025 09:36
4.8k+

Toyota RAV4 retro görnüşe eýe bolýar: Mitsuoka Buddy täzeden çykýar

Özboluşly we nostalgiýa ruhly awtoulaglary bilen tanalýan Mitsuoka ýapon kompaniýasy öz retro krossoweri bolan Buddy-nyň gaýdyp gelýändigini resmi taýdan mälim etdi. Bu model Toyota RAV4-iň öňki nesline esaslanýar, ýöne onuň daş keşbi 1970-nji ýyllaryň Chevrolet we Cadillac awtoulaglaryny ýada salýar
Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady
29.10.2025 09:27
4.7k+

Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady

Mercedes-Benz-iň Britaniýadaky şahamçasy YASA Group täze nesil aksial elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Bu görnüşli hereketlendirijiler okunyň ugrunda aýlanýandygy üçin has ykjam bolýar we elektrikli awtoulaglar üçin amatly hasaplanylýar diýip, Interesting Engineering habar berýär
3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy
28.10.2025 19:05
7.9k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar
Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär
28.10.2025 10:46
3.1k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär
Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi
28.10.2025 10:21
2.7k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär
Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi
28.10.2025 10:18
3.6k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär
Xiaomi taryhda iň kuwwatly elektrokrossoweri – 1500 at güýjüni aljak YU7 GT-ni taýýarlaýar
28.10.2025 00:43
2.9k+

Xiaomi taryhda iň kuwwatly elektrokrossoweri – 1500 at güýjüni aljak YU7 GT-ni taýýarlaýar

Nýurburgring ýolunda Xiaomi-niň synaglardan geçýän täze elektrik krossoweri göründi. Suratlardan görnüşi ýaly, bu YU7 modeliniň YU7 GT adyny aljak ýokary öndürijilikli wersiýasy bolmaly. Awtomobil SU7 Ultra-nyň üç hereketlendirijili platformasynda guruldy
Škoda 1960-njy ýyllaryň modeliniň stilinde süýşürilýän gapyly krossoweri görkezdi
27.10.2025 15:24
6.5k+

Škoda 1960-njy ýyllaryň modeliniň stilinde süýşürilýän gapyly krossoweri görkezdi

Škoda kompaniýasy geçmişiň meşhur modellerini döwrebap görnüşde görkezýän täze konseptini hödürledi. Bu gezek konserniň dizaýnerleri üçin ylham çeşmesi 1960-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda bary-ýogy 2,5 müň nusga bilen çykarylan 1000 MBX kupesi boldy
Toyota Camry has agras we sport stiline eýe boldy
27.10.2025 15:21
9.9k+

Toyota Camry has agras we sport stiline eýe boldy

Toyota kompaniýasy ýörite SEMA týuning sergisi üçin döredilen Camry GT-S sedanynyň konseptini hödürledi. Awtomobil has agras görnüşe eýe boldy, ýöne zawod stilini saklady – inženerler ony önümçilik modeline meňzeş etmäge çalyşdy
Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar
27.10.2025 15:19
4.9k+

Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar

Hindistanda ýerli bazarda iň meşhur modelleriň biri bolan täze Hyundai Venue ykjam krossoweri üçin sargyt kabul edilip başlandy. Täze Hyundai Venue täzelenen dizaýna we gaýtadan işlenen salona eýe boldy. Içinde iki sany  12 dýuýmlyk ekran oturdyldy, ýolagçylar üçin giňişlik artdyryldy – ikinji hatarda aýak üçin aralyga 2 sm goşuldy
BYD-yň giperkary Nýurburgringde Xiaomi SU7-niň rekordyny täzeledi
27.10.2025 09:24
4.1k+

BYD-yň giperkary Nýurburgringde Xiaomi SU7-niň rekordyny täzeledi

BYD konserni Yangwang U9 Xtreme (U9X) elektrik giperkarynyň täze üstünligi barada habar berdi. Kupe Nýurburgring ýolunyň 20,8 kilometrini 6 minut 59,157 sekuntda geçdi. Bu Xiaomi SU7 Ultra sedanyndan 6 sekunt diýen ýaly tizdir
Germaniýada 2026-njy ýylyň iň gowy awtoulaglary saýlandy. Sanawda ýekeje-de nemes markasy ýok
26.10.2025 22:30
11k+

Germaniýada 2026-njy ýylyň iň gowy awtoulaglary saýlandy. Sanawda ýekeje-de nemes markasy ýok

“Germaniýada ýylyň awtoulagy 2026” (GCOTY) bäsleşiginiň eminleri bäş esasy nominasiýada ýeňijileri yglan etdiler. Bu sapar ýeňiji bolan modelleriň arasynda nemes markalarynyň ýoklugy aýratyn üns çekdi. Baýraklar ABŞ, Günorta Koreýa we Çehiýa awtoulaglaryna berildi
Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi
26.10.2025 21:51
9k+

Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi

Özbegistanyň UzAuto Motors zawodynda täzelenen Chevrolet Cobalt arzan sedany önümçilige goýberildi. Model iki görnüşde hödürlenýär: Cobalt Style MCM we Cobalt Midnight MCM. Ulag täze hereketlendirijini, dolandyryş bloguny, kämilleşdirilen gaz paýlaýyş ulgamyny, täze ABS we howa ýassygyny dolandyryş modullaryny, şeýle hem güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamlaryny we anyklaýyş modulyny aldy
Cadillac CT4 sedanyny önümçilikden aýyrýar, täze nesil CT5 içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen geler
26.10.2025 21:30
2.4k+

Cadillac CT4 sedanyny önümçilikden aýyrýar, täze nesil CT5 içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen geler

Cadillac kompaniýasy 2026-njy ýylyň model ýyly tamamlanandan soň CT4 we CT5 sedanlarynyň önümçiligini bes etjekdigini resmi taýdan mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa täze nesil CT5-i taýýarlap başlady, CT4 bolsa, görnüşine görä, mirasdüşersiz galyp biler diýip Motor1 habar berýär
Rolls-Royce altyn heýkelli eksklýuziw seriýa bilen Phantom-yň ýüzýyllygyny belledi
26.10.2025 18:21
5.3k+

Rolls-Royce altyn heýkelli eksklýuziw seriýa bilen Phantom-yň ýüzýyllygyny belledi

Rolls-Royce kompaniýasy Phantom modeliniň 100 ýyllygyna bagyşlap, sedanyň ýubileý wersiýasyny hödürledi. Centenary Private Collection atly seriýa bary-ýogy 25 nusga bilen çäklener. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu markanyň taryhynda iň çylşyrymly we tehnologiýa taýdan ösen wersiýa boldy
Tesla-nyň düşewündi rekord girdejä garamazdan 37% azaldy
26.10.2025 09:37
5.7k+

Tesla-nyň düşewündi rekord girdejä garamazdan 37% azaldy

Tesla 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Kompaniýanyň arassa girdejisi 37% azalyp, 1,4 mlrd dollar boldy, ýöne girdeji bir ýyl ozalkydan 12% ýokarlanyp, 28 mlrd dollara ýetdi. Öndüriji rekord satuw barada hem habar berdi
Alymlar guşlaryň köplenç haýsy ulaglary "hapalaýandygyny" anykladylar
25.10.2025 17:18
14k+

Alymlar guşlaryň köplenç haýsy ulaglary "hapalaýandygyny" anykladylar

Awtoulagyň guşlar tarapyndan hapalanmagy sürüjileriň aglabasynyň başyndan geçiren ýagdaýydyr. Görlüp oturylsa, bu diňe tötänlik däl eken. ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatyndaky Alan’s Factory kompaniýasynyň barlagçylary geçiren gözlegleriniň netijesi boýunça, guşlaryň ulag saýlamagynda belli bir kanunalaýyklyk bar
“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar
25.10.2025 15:52
5k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi
Jeep Renegade önümçilikden aýryldy: onuň mirasdüşeri bolmaz
25.10.2025 11:56
2.5k+

Jeep Renegade önümçilikden aýryldy: onuň mirasdüşeri bolmaz

Stellantis kompaniýasy Italiýanyň Melfi şäherindäki zawodda Jeep Renegade krossoweriniň önümçiligini doly togtatdy. Kärdeşler arkalaşygynyň UGL Basilicata wekilleriniň habaryna görä, gurnama liniýasyndan soňky model düşdi we ulagyň göni ornuny tutjak täze nusga göz öňünde tutulmaýar
Chevrolet transmissiýa näsazlygy sebäpli pikaplarynyň we furgonlarynyň bir toparyny yzyna gaýtarýar
25.10.2025 11:50
2.4k+

Chevrolet transmissiýa näsazlygy sebäpli pikaplarynyň we furgonlarynyň bir toparyny yzyna gaýtarýar

General Motors kompaniýasy 2025–2026-njy ýyllaryň käbir Chevrolet modelleri boýunça hyzmat kampaniýasyny başlatdy. N252517790 programmasy Silverado 1500 we Colorado pikaplaryny, şeýle hem Express söwda furgonyny öz içine alýar
Ferrari meşhur F40-dan ylham alnan ýeke-täk nusgada superkary çykardy
25.10.2025 11:46
3.8k+

Ferrari meşhur F40-dan ylham alnan ýeke-täk nusgada superkary çykardy

Ferrari markasynyň aýratyn taslamalar bölümi tarapyndan diňe bir nusgada döredilen täsin SC40 superkary tanyşdyryldy. Täze model 296 GTB platformasyna esaslanýar we meşhur Ferrari F40 modeline hormat hökmünde döredilipdir — bu onuň adynda hem, daşky görnüşiniň aýratynlyklarynda hem aýdyň görünýär
Toyota ýetginjekler üçin iki orunlyk FT-Me elektrik ulagyny hödürledi
25.10.2025 11:28
4.6k+

Toyota ýetginjekler üçin iki orunlyk FT-Me elektrik ulagyny hödürledi

Toyota kompaniýasy ýetginjekler, täze sürüjiler hem-de eltip bermek hyzmatlary üçin niýetlenen iki orunlyk FT-Me elektrik ulagynyň nusgasyny hödürledi. Bu ulag kwadrisikl görnüşine degişli bolup, käbir ýurtlarda ony 14 ýaşdan başlap sürüp bolýar
Toyota tebigatda işjeň dynç alyş üçin Corolla Cross ulagyny görkezdi
25.10.2025 07:16
4.1k+

Toyota tebigatda işjeň dynç alyş üçin Corolla Cross ulagyny görkezdi

Toyota kompaniýasy SEMA amerikan sergisi üçin öz týuning taslamasyny hödürledi. Ulag üçin esas hökmünde Corolla Cross gibrid krossoweri alyndy we ol birnäçe aksessuarlaryň kömegi bilen başdangeçirmeler hem-de tebigatda işjeň dynç alyş üçin niýetlenen awtomobile öwrüldi
Toyota iň kiçi Land Cruiser ulagyny hödürledi
24.10.2025 09:47
7.3k+

Toyota iň kiçi Land Cruiser ulagyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada Land Cruiser hatarynda täze modeli – FJ indeksli ykjam SUV ulagyny hödürledi. Onuň üçin at üç ýyl ozal önümçilikden aýrylan ulagdan alyndy. Awtoulag hataryň uly wekilleriniň dogumly keşbini saklady, ýöne göwrüm taýdan has kiçi boldy: uzynlygy – 4575 mm, ini – 1855 mm, beýikligi – 1960 mm, teker bazasy bolsa – 2580 mm bolup, bu Prado-dan 270 mm gysgadyr
Mercedes-AMG premium goşar sagatlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi
24.10.2025 09:42
1.8k+

Mercedes-AMG premium goşar sagatlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi

Mercedes-AMG kompaniýasy Mercedes-AMG brendi bilen goşar sagatlarynyň täze hataryny hödürledi. Olary markanyň resmi dilerlerinden satyn alyp bolýar. Flagman model, AMG Automatic Chronograph Business hronografynyň bahasy 2500 ýewro barabar
Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder
23.10.2025 12:33
2.7k+

Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder

Porsche AG-yň Synçylar geňeşi täze baş direktor hökmünde kompaniýada ozal ýokary wezipeleri eýelän Mihael Leýtersi belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipä girişer. Ondan öňki ýolbaşçy, soňky on ýylyň dowamynda premium brende ýolbaşçylyk eden Oliwer Blýume tutuş Volkswagen toparynyň baş direktory wezipesini saklap galar
Xiaomi Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrokrossoweriniň soňky synagyny geçirýär
23.10.2025 10:07
1.8k+

Xiaomi Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrokrossoweriniň soňky synagyny geçirýär

Xiaomi kompaniýasy meşhur Nýurburgring ýolunda täze YU7 GT elektrik krossoweriniň soňky synaglaryny geçirýär. Ulagyň prototipi doly taýýar kuzowda görkezildi — bu bolsa köpçülikleýin önümçiligiň ýakyn wagtda başlanjakdygyny görkezýär
Toyota Crown Kluger 2026 – täze tehnologiýaly krossower tanyşdyryldy
23.10.2025 10:04
3.3k+

Toyota Crown Kluger 2026 – täze tehnologiýaly krossower tanyşdyryldy

Toyota kompaniýasy Hytaýda Crown Kluger 2026 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 40 000 – 46 500 dollar aralygynda bolar. Täze krossower alyjylara iki görnüşde hödürlener: 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, 2,5 litrlik gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan wersiýalar
Nissan Teana — Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji benzinli awtoulag bolar
23.10.2025 10:00
2.4k+

Nissan Teana — Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji benzinli awtoulag bolar

Nissan kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täzelenen Teana sedanyny tanyşdyrdy. Öndüriji täze modeliň Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji adaty benzinli awtoulag boljakdygyny aýtdy. Mundan ozal bu tehnologiýa diňe elektrik we gibrid ulaglarynda ulanylýardy
ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer
22.10.2025 20:17
3.9k+

ABŞ-da elektromobillere berilýän subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli GM 1,6 milliard dollar ýitirer

General Motors konserni ABŞ-da elektrik ulaglaryny satyn almak üçin 30-njy sentýabra çenli güýji bar bolan federal salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy netijesinde, takmynan 1,6 milliard dollar ýitgi çeker diýip çaklaýar
Toyota-nyň we Honda-nyň bölek şaýlary bambukdan we ýumurtga gabygyndan ýasalyp başlanar
22.10.2025 19:57
3.9k+

Toyota-nyň we Honda-nyň bölek şaýlary bambukdan we ýumurtga gabygyndan ýasalyp başlanar

Toyota we Honda kompaniýalarynyň bölek şaýlaryny öndürijiler önümçilik zynjyrlaryny ekologiýa taýdan has arassa etmek maksady bilen biomateriallar bilen synag geçirip başladylar. Ulanylmagy öwrenilýän materiallaryň arasynda bambuk süýümi we ýumurtga gabygy bar diýip, Nikkei Asia habar berýär
Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi
21.10.2025 16:12
5.1k+

Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi

Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar
Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar
21.10.2025 16:08
4.7k+

Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar. Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri
Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi
21.10.2025 12:03
6k+

Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi

Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi
20.10.2025 18:10
17k+

Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi

Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär
Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy
20.10.2025 17:47
7.3k+

Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy

Ferrari kompaniýasy awtomobil duran ýerinden hereket edip başlanda, hereketlendirijiniň kuwwatyny dogry paýlaýan funksiýanyň – Launch Control ulgamyny işjeňleşdirmegiň üýtgeşik usulyna patent almak üçin arza berdi
Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler
20.10.2025 17:40
8k+

Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler

Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi. Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar
Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi
20.10.2025 17:23
3.7k+

Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi

Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir. Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär