Tesla-nyň düşewündi rekord girdejä garamazdan 37% azaldy

26.10.2025, 09:375,663

Tesla 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Kompaniýanyň arassa girdejisi 37% azalyp, 1,4 mlrd dollar boldy, ýöne girdeji bir ýyl ozalkydan 12% ýokarlanyp, 28 mlrd dollara ýetdi.

Öndüriji rekord satuw barada hem habar berdi. Bu döwürde tas 500 müň elektromobil satyldy we bu 2024-nji ýylyň üçünji çärýegindäki görkezijiden 4,7% köpdür.
Kompaniýanyň operasion girdejisi 40% pese gaçyp, 1,6 mlrd dollar boldy.
Tesla bu görkezijileriň pese gaçyşyny çykdajylaryň 50% artmagy bilen baglanyşdyrdy. Hususan-da, çykdajylar beýlekiler bilen bir hatarda EA pudagynda gözlegler we täze işläp taýýarlamalar, şeýle-de import paçlarynyň ýokarlanmagy sebäpli goşmaça çykdajylar bilen baglanyşyklydyr. Gümrük paçlary, aýratynam, elektromobiller üçin bölek şaýlaryň we çig malyň importyna zyýan ýetirdi.
Hasabatdan soň Tesla-nyň paýnamalary Nasdaq biržasynda 3,3% pese gaçdy. Şeýle-de bolsa, ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 8,7% ýokarlandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.