Xiaomi taryhda iň kuwwatly elektrokrossoweri – 1500 at güýjüni aljak YU7 GT-ni taýýarlaýar

28.10.2025, 00:432,889
1 / 4

Nýurburgring ýolunda Xiaomi-niň synaglardan geçýän täze elektrik krossoweri göründi. Suratlardan görnüşi ýaly, bu YU7 modeliniň YU7 GT adyny aljak ýokary öndürijilikli wersiýasy bolmaly.

Awtomobil SU7 Ultra-nyň üç hereketlendirijili platformasynda guruldy. Onuň umumy kuwwaty 1548 at güýjüne ýeter, 100 km/sag çenli tizligi artdyrma bolsa iki sekuntdan az wagt alar.
Geljekki modeliň kuzowy agressiw aerodinamiki elementlere we Pirelli Trofeo RS sport tekerlerine eýe boldy.
Ozal, Xiaomi SU7 Ultra modeli Nýurburgringde 7 minut 04,957 sekunt netije bilen özüni görkezipdi. Bu görkeziji oňa Porsche Taycan Turbo GT-den öňe geçip, meşhur ýoly geçen iň tiz dört gapyly elektrik sedan bolmaga mümkinçilik berdi. Soňra onuň rekordyny BYD kompaniýasynyň Yangwang U9 Xtreme giperkary täzeledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.