Xiaomi bahasy 31 müň dollarlyk uly Skynomad N70 gibrid krossowerini çykardy

Düýn, 20:431,392
1 / 4

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda EREV görnüşli yzygiderli gibrid güýç ulgamyna eýe bolan iri Skynomad N70 krossoweriniň satuwyna başlady. Modeliň başlangyç bahasy 209 900 ýuandan (takmynan, 31 300 dollar), iň ýokary derejeli N70 Max görnüşiniň bahasy bolsa 239 900 ýuandan (takmynan, 35 800 dollar) başlanýar.

Bäş orunlyk ýolsuzluk awtoulagynyň uzynlygy 4960 mm, ini 1998 mm, beýikligi 1765 mm, tigir aralygy bolsa 2950 mm.

Ulagyň öňki oturgyçlary 180 derejä aýlanýar. Olar 16 nokatly massaž ulgamy we iň ýokary derejede rahatlanmaga mümkinçilik berýän «agramsyzlyk» režimi bilen enjamlaşdyrylan. Şol sebäpli awtoulaga eýýäm «myhman otagy» diýip ýörenlerem kän.

Yzky oturgyçlar 135 derejä çenli yza ýatyrylýar. Şeýle hem olarda ýyladyş we sowadyş ulgamlary göz öňünde tutulan.

Awtoulagyň içinde 16,1 dýuýmlyk merkezi ekran we 8,8 dýuýmlyk gurallar paneli ýerleşýär. Yzky ýolagçylar üçin 21,4 dýuýmlyk ekran we göwrümi 9 litr bolan sowadyjy oturdylan. Şeýle-de ol 14 ýa-da 25 dinamikaly ses ulgamy biln üpjün edilendir.

N70-iň esasy aýratynlygy EREV görnüşli güýç ulgamydyr. Göwrümi 1,5 litr, kuwwaty 150 at güýjüne deň bolan benzin hereketlendirijisi generator hökmünde işleýär we çekiji batareýa zarýad berýär. Awtoulag 92, 95 we 98 oktanly benzinde işlemäge niýetlenendir.

Model iki görnüşde hödürlenýär:

  • N70 Pro — yzky ýöredijili. Kuwwaty 282 at güýji, batareýasynyň sygymy 52 kWt/sag. Ýöreýiş ätiýaçlygy: 351 km (etektrik), umumylykda 1351 km.

  • N70 Max — doly ýöredijili. Kuwwaty 416 at güýji, batareýasynyň sygymy 76 kWt/sag. Ýöreýiş ätiýaçlygy: 505 km (elektrik), umumylykda 1461 km.

Sürüjä kömek ulgamlarynyň düzümine lidar we öndürijiligi 700 TOPS-e çenli bolan Nvidia Thor-U çipi girýär. Xiaomi HAD tehnologiýasy şäher we şäherara ýollarda awtomatlaşdyrylan sürüş funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bahasy boýunça Skynomad N70 öz bäsdeşlerinden has amatly görünýär. Deňeşdirip aýtsak, Li Auto L6 249 800 ýuandan (37 220 dollar), Aito M6 (Huawei we Seres) 229 800 ýuandan (34 240 dollar), IM LS6 (SAIC we Alibaba) bolsa 224 900 ýuandan (33 495 dollar) başlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.