Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistan Eýran bilen özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen teklipleri goldamaga taýýar - Serdar Berdimuhamedow
29.04.2025 10:49
3.1k+

Türkmenistan Eýran bilen özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen teklipleri goldamaga taýýar - Serdar Berdimuhamedow

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny maslahatlaşdy
29.04.2025 10:25
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny maslahatlaşdy

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi. Ol YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär
Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär
29.04.2025 10:17
2.2k+

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär

29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär. 29-30-njy aprelde şeýle hem «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler
Türkmenistan Ispaniýada parahatçylyk boýunça başlangyja badalga bermek çäresine gatnaşdy
28.04.2025 18:16
7.5k+

Türkmenistan Ispaniýada parahatçylyk boýunça başlangyja badalga bermek çäresine gatnaşdy

25-26-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ispaniýa saparynyň çäklerinde Gernika şäherinde geçirilen “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy
Erzurumda Türkmenistanyň gatnaşmagynda YHG-nyň çäklerinde syýahatçylygy ösdürmek maslahatlaşyldy
28.04.2025 18:11
2.7k+

Erzurumda Türkmenistanyň gatnaşmagynda YHG-nyň çäklerinde syýahatçylygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 25–26-njy aprelinde Türkiýäniň Erzurum şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
28.04.2025 13:17
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Dabara Mejlisiň Başlygy
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açyldy
28.04.2025 13:10
5.2k+

Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açyldy

Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi
Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy
28.04.2025 12:20
5.5k+

Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy

24-nji aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom Halkara pul gaznasynyň (IMF) 2024-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Kaliforniýanyň nomininal jemi içerki önüminiň (JIÖ-niň) 4,1 trln dollara ýetendigini aýtdy
ABŞ-da jaýlaryň satuwy 5,9% pese gaçdy
28.04.2025 11:56
3.2k+

ABŞ-da jaýlaryň satuwy 5,9% pese gaçdy

ABŞ-da mart aýynda jaýlaryň satuwlary fewral aýy bilen deňeşdirilende 5,9% peseldi. Bu barada ABŞ-nyň Gozgalmaýan emläk söwdagärleriniň milli assosiasiýasynyň (NAR) çap eden maglumatlarynda aýdylýar. Bu ýagdaý 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, ABŞ-nyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky iň uly aýlyk pese gaçyş boldy
Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
28.04.2025 08:08
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi
Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi
28.04.2025 08:01
2.6k+

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Degişli resminamalar metbugatda çap edildi
Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy çap edildi
28.04.2025 00:41
14k+

Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy çap edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren INTERWÝUSY Rizwan Han: Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän, 7 milliondan gowrak ilatly Türkmenistana syýahat etdim
Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
28.04.2025 00:16
2.3k+

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi
27.04.2025 16:50
3k+

Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň
Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi
27.04.2025 16:41
3k+

Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi

24-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ispaniýa saparynyň çäklerinde Madrid şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi
Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
27.04.2025 16:32
3.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

22-nji aprelde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär
27.04.2025 15:03
11k+

Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär

Garward uniwersitetiniň gaznasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli, takmynan, 1 milliard dollarlyk hususy maýa goýum gaznasyndaky paýnamalaryny satmak boýunça gepleşikleri alyp barýar
Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
26.04.2025 12:35
9.4k+

Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

21-nji aprelde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşurdy. Dabarada Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi
26.04.2025 00:45
6.8k+

R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy
Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär
26.04.2025 00:23
11k+

Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdiriýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi
Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi
26.04.2025 00:14
9.6k+

Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maý aýynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar
25.04.2025 23:38
12k+

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy
Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi
25.04.2025 23:29
9k+

Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi

Türkmenistanda Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji aprelde Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi
Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy
25.04.2025 16:13
3.2k+

Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdy
25.04.2025 12:02
9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdy

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Lideri bilen bilelikde “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar. Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy
25.04.2025 11:43
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy

(Samarkant şäheri, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli) Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly şu günki çärä gatnaşyjylar! Ilki bilen, bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň
Türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
25.04.2025 11:38
4.7k+

Türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy

24-nji aprelde Samarkantda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy geçirildi
Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
25.04.2025 11:24
2.9k+

Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

24-nji aprelde Özbegistana saparynyň ikinji gününde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda "Hazrati Hizir" toplumyna we "Baky şäher" syýahatçylyk meýdançasyna bardy
25.04.2025 11:14
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda "Hazrati Hizir" toplumyna we "Baky şäher" syýahatçylyk meýdançasyna bardy

23-24-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Saparynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna bardy
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisi “Toyota Fortuner” ulagy bilen sylaglanar
25.04.2025 10:57
8.2k+

Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisi “Toyota Fortuner” ulagy bilen sylaglanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň aprel aýynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň
Bitkoin bazar gymmaty boýunça Google-dan öňe geçdi we dünýäniň iň gymmat bäş aktiwiniň hataryna girdi
24.04.2025 16:16
5.8k+

Bitkoin bazar gymmaty boýunça Google-dan öňe geçdi we dünýäniň iň gymmat bäş aktiwiniň hataryna girdi

Bitkoiniň bahasy 6% ýokarlandy we 93,9 müň dollara ýetdi. Kriptowalýutanyň bazar gymmaty 1,862 trln dollar boldy. Şeýlelikde, bitkoin dünýäniň iň gymmat aktiwleriniň sanawynda bäşinji orna çykdy we bazar gymmaty 1,859 trln dollar bolan Alphabet korporasiýasyny (Google-yň eýesi) yzda galdyrdy
Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar
24.04.2025 12:26
13k+

Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar

Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi (CAAC) AG600M “Kunlun” raýat suw uçaryny tassyklady. Ol dünýädäki iň uly amfibiýa uçary hasaplanýar. Işläp taýýarlama Hytaýyň AVIC korporasiýasy tarapyndan amala aşyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana bardy
24.04.2025 11:59
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana bardy

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär
Hrwoýe Swetanowiç Horwatiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işe başlady
24.04.2025 11:49
2.7k+

Hrwoýe Swetanowiç Horwatiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işe başlady

23-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi
24.04.2025 11:27
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi. 10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär
Türkmen halkynyň Milli Liderine milli gyrgyz ak öýi hem-de Han atly bedew sowgat berildi
24.04.2025 11:12
13k+

Türkmen halkynyň Milli Liderine milli gyrgyz ak öýi hem-de Han atly bedew sowgat berildi

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz milli ak öýüne baryp gördi. Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar
Gyrgyzystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi
24.04.2025 11:03
3k+

Gyrgyzystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň
Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi
24.04.2025 10:32
7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi

22-23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowbilen bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi
Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi
24.04.2025 10:21
2.2k+

Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi

23-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň 4 raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
24.04.2025 09:53
5.7k+

Türkmenistanyň 4 raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna