Türkmenistan we BMG durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

30.05.2025, 12:471,208

27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki duşuşygyň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.