Serdar Berdimuhamedow RF-niň ýolbaşçylaryny we halkyny Russiýanyň güni bilen gutlady
12.06.2025 10:07
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow RF-niň ýolbaşçylaryny we halkyny Russiýanyň güni bilen gutlady

Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­ne we Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­hail Mi­şus­ti­ne hem-de ýur­duň äh­li hal­ky­na Rus­si­ýa­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup,bugdaý oragyna ak pata berdi
12.06.2025 10:01
12k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup,bugdaý oragyna ak pata berdi

11-nji iýunda Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy hem-de et­ra­byň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gin­de bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­di
ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar
12.06.2025 09:44
11k+

ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar

15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryş alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçer
78 ýaşly täze zelandiýaly adam 31 minutlap plankada durup, rekord goýdy
11.06.2025 22:38
9.7k+

78 ýaşly täze zelandiýaly adam 31 minutlap plankada durup, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Meýnard Uilýams 78 ýyl 135 gün ýaşynda plankada 30 minutdan gowrak wagt saklanyp, täze rekord goýdy. Ol bu maşky ýerine ýetiren iň garry erkek adam boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär
Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji
11.06.2025 22:36
8.9k+

Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji

Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi
Nadalyň “Rolan Garros – 2017-niň” finalyndaky raketkasy rekord pula satyldy
11.06.2025 22:32
5.3k+

Nadalyň “Rolan Garros – 2017-niň” finalyndaky raketkasy rekord pula satyldy

Rafael Nadalyň 2017-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň finalynda ulanan Babolat raketkasy auksionda 157,3 müň dollara satyldy. Bu häzire çenli tennis raketkasy üçin tölenen iň ýokary mukdardyr diýip, ESPN habar berýär
Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy
11.06.2025 22:30
5.3k+

Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy

18 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Kanadanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. Ol milli saýlama ýaryşlarynda 2 minut 5,7 sekunt netijäni görkezdi
“Mançester Siti” Reýndersi, Şerkini we Ait-Nurini alandygyny habar berdi
11.06.2025 16:17
9.4k+

“Mançester Siti” Reýndersi, Şerkini we Ait-Nurini alandygyny habar berdi

“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi
ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady
11.06.2025 16:04
2.4k+

ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Esasy
Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy
11.06.2025 16:03
6.5k+

Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy

Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar. Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy
“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi
11.06.2025 15:58
7.4k+

“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady
Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň iň gülkünç suratlary hödürlendi
11.06.2025 15:29
12k+

Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň iň gülkünç suratlary hödürlendi

Ýabany tebigatyň gülkünç suratlarynyň bäsleşigi Nikon Comedy Wildlife Awards 2025-iň guramaçylary fotosuratlary kabul etmegiň tamamlanmagyna bir aýyň galandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, olar soňky aýlarda gelip gowşan iň gülkünç suratlar bilen paýlaşmak kararyna geldi
Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar
11.06.2025 14:58
12k+

Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar

Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11.06.2025 14:44
12k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň
Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.06.2025 14:10
12k+

Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy
11.06.2025 13:59
3.6k+

Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy

BMW awtoulaglaryna niýetlenen taslamalary bilen tanalýan nemes Manhart týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S-iň 992 nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Täze sazlaýyş bukjasyna TR 900 II diýilýär. Onuň kömegi bilen 3,8 litrlik oppozit hereketlendirijisiniň güýji 650-den 922 at güýjüne, torky 800-den 1090 Nm-a çenli ýokarlandy
Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi
11.06.2025 13:58
3k+

Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi

Amerikanyň Nucleus Genomics startapy emeli tohumlandyrma wagtynda ýatga geçirilmezden ozal düwünçegiň genetiki profilini seljermäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji programma üpjünçiligini döretdi. Maksatnama neslegeçiji keselleriň ösmek ähtimallygyna, ömrüň dowamlylygyna, şeýle hem geljekki çaganyň fiziki we aň-bilim aýratynlyklaryna baha berýär
BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar
11.06.2025 13:53
4.4k+

BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar

BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär
Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi
11.06.2025 13:34
21k+

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi

Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
Nematod gurçuklarynyň syýahat etmek üçin “janly diň” guruşlary ilkinji gezek wideo alyndy
11.06.2025 13:31
4.4k+

Nematod gurçuklarynyň syýahat etmek üçin “janly diň” guruşlary ilkinji gezek wideo alyndy

Maks Plank Jemgyýetiniň Haýwanlaryň özüni alyp barşy institutynyň we Konstans uniwersitetiniň alymlary ýabany tebigatda ilkinji gezek nematodlaryň adaty bolmadyk hereketini hasaba aldylar. Bu gurçuklar wertikal “janly diňler” görnüşinde düzülip, golaýyndan geçýän mör-möjekleriň bedeninde “ýapyşyp” ondan-oňa geçýärler
Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär
11.06.2025 13:18
4.6k+

Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply
Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar
11.06.2025 13:14
3.8k+

Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar

Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär. Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar
Xiaomi Apple-yň ýoluna eýerýär: kompaniýanyň indiki operasion ulgamynyň ady HyperOS 26 bolar
11.06.2025 12:56
2.1k+

Xiaomi Apple-yň ýoluna eýerýär: kompaniýanyň indiki operasion ulgamynyň ady HyperOS 26 bolar

Geçen aýyň ahyrynda Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň operasion ulgamlaryna at beriş düzgünini üýtgetjekdigini aýdypdy. Indi bolsa, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň hem şeýle düzgüne geçmäge taýýarlanýandygy mälim boldy
“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy
11.06.2025 12:47
4.8k+

“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler. Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy
Tilki, bürgüt we Hwerawelliriň gözi: National Geographic Traveller ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady
11.06.2025 12:43
5.6k+

Tilki, bürgüt we Hwerawelliriň gözi: National Geographic Traveller ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady

«National Geographic Traveller (UK)» tarapyndan her ýyl geçirilýän «Photography Competition 2025» surat bäsleşiginiň guramaçylary 12-nji tapgyryň netijelerini jemledi. Ýeňijiler alty nominasiýa boýunça kesgitlendi: «Ýabany tebigat», «Peýzaž», «Şäher durmuşy», «Iýmit», «Adamlar» we «Portfolio»
Xiaomi 11 dýuýmlyk ekrany bolan iň amatly Redmi Pad 2 planşetini hödürledi
11.06.2025 12:19
1.9k+

Xiaomi 11 dýuýmlyk ekrany bolan iň amatly Redmi Pad 2 planşetini hödürledi

Xiaomi kompaniýasy Redmi Pad 2 planşetini resmi taýdan dünýä bazaryna hödürledi. Bu model brendiň 2025-nji ýyldaky iň elýeterli planşeti bolup durýar diýip, «GSM Arena» habar berýär. Enjam 2560 x 1600 piksel durulygy, 90 Gs täzeleniş ýygylygy we 360 Gs sensor duýgurlygy bolan 11 dýuýmlyk IPS ekran bilen enjamlaşdyrylan
“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi
11.06.2025 12:13
8.3k+

“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi

Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar
TurkmenTextile Expo-2025 dünýä modasynyň meşhur wekillerini jemlär
11.06.2025 11:58
5.1k+

TurkmenTextile Expo-2025 dünýä modasynyň meşhur wekillerini jemlär

Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatda «TurkmenTextile Expo-2025» atly ilkinji halkara dokma we moda sergisi öz işine başlaýar. Onda Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan, Niderlandlardan, Gazagystandan, Hindistandan we Özbegistandan öňdebaryjy dizaýnerler öz egin-eşik toplumlaryny tanyşdyrarlar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi
11.06.2025 11:32
15k+

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary  Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) geçirdiler
Hytaýda ýa Türkiýede okamak isleýäňmi? “Yakynyol” amatly teklip hödürleýär
10.06.2025 22:09
11k+

Hytaýda ýa Türkiýede okamak isleýäňmi? “Yakynyol” amatly teklip hödürleýär

Hytaý, Türkiýe ýokary hilli okuw maksatnamalary, ylmy-tehnologik ugurlardaky giň mümkinçilikleri bilen dünýäniň dürli künjeginden ýaşlary özüne çekýär. Bu ýurtda okamak isleýän türkmen ýaşlarynyň sany hem barha artýar
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
10.06.2025 22:07
3.5k+

Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
Hytaýda asyrlarboýy zenanlaryň höküm süren gadymy jemgyýetiniň yzlary tapyldy
10.06.2025 21:53
3.5k+

Hytaýda asyrlarboýy zenanlaryň höküm süren gadymy jemgyýetiniň yzlary tapyldy

Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy gözlegçileriň topary neolit eýýamynda Hytaýyň gündogarynda matriarhal jemgyýetiň hereket edendigine subutnama tapdy. Onuň yzlary Hytaýyň häzirki Şandun welaýatynyň çäklerinde tapyldy diýlip, Nature žurnalynda aýdylýar
HBO “Garri Potter” serialynda ikinji derejeli keşpler üçin aktýorlary saýlady
10.06.2025 21:51
5.2k+

HBO “Garri Potter” serialynda ikinji derejeli keşpler üçin aktýorlary saýlady

HBO Original Garri Potter baradaky serialda ikinji derejeli keşpler üçin tassyklanan aktýorlaryň atlaryny mälim etdi. “Hogwarts” mekdebiniň okuwçysy we baş gahrymanyň garşydaşlarynyň biri bolan Drako Malfoýy britaniýaly aktýor Loks Pratt oýnar
Ýamal Winisiusdan öňe geçip, Transfermarkt tarapyndan iň gymmat futbolçy diýlip saýlandy
10.06.2025 21:44
10k+

Ýamal Winisiusdan öňe geçip, Transfermarkt tarapyndan iň gymmat futbolçy diýlip saýlandy

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Transfermarkt portaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýtingde 17 ýaşly oýunçynyň bahasy 180 mln ýewrodan 200 mln ýewro çenli artdy
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” $450 mln ýygnady, ýöne özüni ödemek üçin heniz kän gerek
10.06.2025 21:41
6.7k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” $450 mln ýygnady, ýöne özüni ödemek üçin heniz kän gerek

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi prokatyň iki uikendiniň dowamynda 450 mln dollar ýygnady. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Kassa ýygymlarynyň üçden biri ($149 mln) amerikan bazarynyň paýyna düşdi, bu ýerde film “Lilo we Stiç” remeýki bilen bir hatarda prokatda öňdebaryjy bolmagynda galýar
Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesine mynasyp boldy
10.06.2025 21:38
5.9k+

Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesine mynasyp boldy

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesini aldy. Ol şäheriň ösüşine goşan goşandy we futboldan daşary işleri, şol sanda Guardiola Sala Foundation haýyr-sahawat gaznasynyň işi üçin sylaglandy
Türkmenistanyň DIM-i türkmen raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi boýunça aladasyny mälim etdi
10.06.2025 16:32
21k+

Türkmenistanyň DIM-i türkmen raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi boýunça aladasyny mälim etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi raýatlarymyzyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda aşa düşünişmezligini hem-de aladasyny mälim etdi. Degişli beýanat Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy
Serdar Berdimuhamedow Prezident Marselo Rebelo de Souzany Portugaliýanyň güni mynasybetli gutlady
10.06.2025 16:22
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Prezident Marselo Rebelo de Souzany Portugaliýanyň güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi
Türkmenistanyň Döwlet sirki tomusky täze çykyşlaryna çagyrýar
10.06.2025 15:56
3.4k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki tomusky täze çykyşlaryna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 15-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary
“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy
10.06.2025 15:35
7.4k+

“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy

Milanyň “Inter” futbol kluby Kristian Kiwuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşly rumyniýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder