Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
24.07.2025 14:12
2k+
“South Park” multserialyny döredijiler Paramount bilen 1,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy
“Günorta Seýilgäh” (South Park) multserialyny döredijiler Treý Parker we Mett Stoun Paramount+ bilen 1,5 mlrd dollarlyk bäşýyllyk şertnama baglaşdy. Los Angeles Times-yň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, kompaniýa her ýyl multserialy ýaýlyma bermek we täze bölümleri çykarmak hukuklary üçin 300 mln dollar tölär
24.07.2025 13:13
4.2k+
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn
24.07.2025 13:08
1.9k+
Raşid Meredow San-Marinonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
23-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
24.07.2025 12:32
5.1k+
«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy
Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir
24.07.2025 10:36
4.5k+
“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji posteri hödürlendi. Premýera – 19-njy dekabrda
Disney “Awatar: Ot we kül” (Аватар: Огонь и пепел) filminiň ilkinji posterini hödürledi. Bu Jeýms Kemeronyň epiki wakasynyň üçünji bölümidir. Studiýa filmiň tizeriniň 25-nji iýulda “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” filminiň premýerasynda görkeziljekdigini habar berdi
24.07.2025 10:35
9.2k+
Huawei täze Luxeed R9 krossowerini synagdan geçirýär, ýöne kynçylyklar bar
Huawei-iň Chery bilen hyzmatdaşlykda döreden Luxeed R9 flagman elektrik krossoweri ilkinji gezek ýol synaglary wagtynda görüldi. Modeliň ilkinji görkezilişi noýabr aýyna meýilleşdirildi. Awtoulagyň dizaýnynda brendiň firma stili görkezilýär: ýaýbaň kapot, "Starlight" bezeg elementleri we uniwersaly ýada salýan uzap gidýän kuzow
24.07.2025 10:31
3.7k+
Perm ülkesinde Ýerdäki iň gadymylara degişli jandarlaryň yzlary tapyldy
Russiýanyň Perm ülkesinde suwuň yza çekilmegi üýtgeşik paleontologiki açyşlara getirdi. Şirokowskiý suw howdanynyň kenarynda Ýeriň ýüzünde 550 mln ýyldan gowrak ozal ýaşap geçen gadymy köp öýjükli organizmleriň yzlary tapyldy
24.07.2025 10:26
4.5k+
General Motors erbet ýol barada duýduryş ulgamyny döredýär
General Motors sürüjilere ýol şertleriniň ýaramazdygyny duýdurýan ulgam üçin patent almaga arzasyny berdi. 2023-nji ýylyň dekabrynda berlen arza US 2025/0200526 A1 belgisi bilen 2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige mälim boldy diýip, GM Authority habar berýär
24.07.2025 10:24
4.2k+
Orta asyrlardan galan “ýylgyryş”: Polşadaky adada ýylgyrýan agaç ýüzi tapdylar
Torundaky (Polşa) Nikolaý Kopernik uniwersitetiniň arheologlary Polşanyň Lednisa kölüniň düýbünden ýüzüne oýulyp adamyň ýüzi şekillendirilen pürsi tapdylar. Bu açyş 2024-nji ýylda edildi, ýöne bu hakda indi resmi taýdan habar berildi
24.07.2025 10:21
4.7k+
Iş berijileriň haýsy hünär başarnyklaryny ileri tutýandygy belli boldy (infografika)
Analitik pikirlenme häzirki wagtda iň möhüm hünär başarnygy hasaplanýar. Bu barada “Iş orunlarynyň geljegi 2025” atly Bütindünýä Ykdysady Forumynyň hasabatynda aýdylýar. Resminamanyň esasy netijeleri 14,1 milliondan gowrak işgäri bolan halkara kompaniýalarynyň 1043 jogabyna esaslanýan infografikada berilýär
24.07.2025 10:04
4.9k+
Tom Aspinall UFC-niň Abu-Dabide geçiriljek ýaryşynda Siril Gan bilen duşuşar
25-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 321 ýaryşynda agyr agramda çempion (120 kilograma çenli) britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasynda söweş bolar. Bu barada X sosial ulgamynda söweş mahabatynyň resmi akkaunty habar berdi
23.07.2025 19:00
11k+
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi talyplyga çagyrýar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
23.07.2025 15:26
13k+
"Yakynyol” programmasynyň täze wersiýasy çykdy. Onda telekeçilere amatly teklip hödürlenilýär
“Yakynyol” platformasy Hytaýdan, Türkiýeden we Dubaýdan (BAE) harytlary gysga wagtda, kepillikli getirip bermek hyzmatyny hödürleýär. Platforma şeýle hem müşderiniň, telekeçiniň isleýän harydyny amatly bahadan gözläp, tapyp bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär
23.07.2025 15:18
9.5k+
ABŞ ÝUNESKO-dan çykýar. Nobatdaky gezek.
Donald Tramp ABŞ-nyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO-dan çykmagy barada çözgüt kabul etdi. Bu barada 22-nji iýulda ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi. Häkimiýetler öz çözgüdi barada guramanyň baş direktory Odre Azuleni habardar etdi, ýurt 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan onuň doly hukukly agzasy bolmagyny bes eder
23.07.2025 15:15
8k+
Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy
Hüjümçi Braýan Mbemo “Brentforddan” “Mançester Ýunaýtede” geçdi. Transfer barada iňlis klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Kamerunly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär
23.07.2025 15:13
2.8k+
Indi YouTube Music-de aýdymlary dürli enjamlarda galan ýerinden diňläp bolýar
Google kompaniýasy YouTube Music-de dürli gurluşlarda aýdymlary galan ýerinden diňlemegi dowam etdirmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany hödürledi. Bu barada Android Police habar berýär. Funksiýa programmanyň 8
23.07.2025 15:08
6.3k+
Los-Anjelesde zarýad stansiýasy we retro-garbanyşhana bilen dünýäde ilkinji Tesla Diner toplumy açyldy
Los-Anjelesde zarýad stansiýasyny we 1950-nji ýyllaryň stilinde retro-futuristik garbanyşhanany özünde jemleýän dünýäde ilkinji Tesla Diner işläp başlady. Bu şäherde iň uly Tesla Supercharger toplumy bolup, onda NACS standartyny goldaýan ähli elektromobiller üçin 80 sany V4 zarýad porty elýeterlidir
23.07.2025 15:05
4.9k+
TSMC bazar bahasy 1 trln dollardan geçen Aziýadan ilkinji kompaniýa boldy
Dünýäde ýarymgeçirijileri öndüriji iň uly kompaniýalaryň biri bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Company-nyň (TSMC) bazar bahasy Taýwanyň fond biržasynda ilkinji gezek 1 trln dollardan geçdi. 18-nji iýulda geçen söwdanyň jemi boýunça kompaniýanyň bazar bahasy 29,82 trln Taýwan dollaryna (takmynan, $1,013 trln), paýnamalaryň bahasy bolsa 1150 Taýwan dollaryna (takmynan, $39,1) ýetdi
23.07.2025 14:32
9.7k+
Trampyň maşgalasynyň kompaniýasy bitkoine we beýleki kriptoaktiwlere $2 mlrd maýa goýdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy tarapyndan gözegçilik edilýän Trump Media & Technology Group (TMTG) kompaniýasy 2 mlrd dollarlyk bitkoin we beýleki kriptowalýuta aktiwlerini satyn alandygyny habar berdi
23.07.2025 14:30
8.7k+
BYD “Interiň” hyzmatdaşy boldy we oýunçylara, tälimçilere hem menejerlere 70 ulag berer
Milanyň “Inter” futbol kluby Hytaýyň BYD awtoöndürijisi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. 2028-nji ýyla çenli niýetlenen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa klubuň oýunçylary, tälimçiler ştaby we top-menejmenti üçin 70 töweregi elektromobil we gibrid hödürlär
23.07.2025 14:26
2k+
OpenAI: ChatGPT çat-botuna bir günde 2,5 mlrd gezek ýüzlenilýär
OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlanan ChatGPT çat-boty ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar her gün bota 2,5 mlrd gezekden köp ýüz tutýar, bu bolsa ýylda, takmynan, 912,5 mlrd ýüzlenmä deňdir
23.07.2025 07:24
12k+
BMW X5-iň täze nesli iDrive X standart we 600 at güýçli gibrid bolar
BMW X5-iň täze neslini çykarmaga taýynlanýar. Onuň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň mart aýynda bolar, satuwlar güýzde başlar. Bäşinji nesil modeliň taryhynda tehnologik taýdan iň öseni bolar diýip, Motor.es habar berýär
23.07.2025 07:20
22k+
Ýaponiýada ýertitremelerinden we beýleki hadysalardan soň kömek bermek üçin niýetlenen üç metrlik robot dörediler
Waseda uniwersiteti we birnäçe ýapon kompaniýalary halas ediş işleri we betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde ulanmak üçin niýetlenen üç metrlik adam şekilli roboty öndürer diýip, Kýodo habarlar gullugy habar berdi
23.07.2025 07:19
4.6k+
Alymlar dem goýberiş boýunça öýkeniň rak keselini irki döwründe tapmagy öwrenýärler
Kuban döwlet uniwersitetiniň we Krasnodardaky 1-nji ülke kliniki hassahanasynyň barlag institutynyň alymlary dem goýberilende çykýan howanyň düzümini seljermek arkaly öýkeniň rak keselini irki döwründe anyklamagyň usulynyň üstünde işleýärler
23.07.2025 07:17
7.8k+
Sisiliýanyň kenarynda bogaldagy saklanyp galan gadymy grek gämisi tapyldy
Arheologlar Sisiliýanyň günorta-gündogar kenar ýakasynda bogaldagy we urgany saklanyp galan gark bolan gadymy grek gämisini tapdylar. Gämi b.e. öňki VI–V asyrlarda gark bolupdyr diýip, LBV portaly habar berýär
23.07.2025 06:54
17k+
Donald Trampa dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampda dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy. Bu barada Ak tamyň beýanyna salgylanýan Bloomberg habarlar gullugy habar berdi. Metbugat sekretary Kerolaýn Lewittiň sözlerine görä, köpçülik Amerikanyň ýurt baştutanynyň topuklaryndaky çişe we elindäki göge üns berenden soň, 79 ýaşly Prezident lukmançylyk barlagyndan geçdi
23.07.2025 06:47
8.3k+
EA Sports FC 26 bildiriş edildi: Täze futbol simulýatory barada bilmeli zatlar
Electronic Arts täze EA Sports FC 26 futbol simulýatoryny bildiriş etdi. Ol 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykar. Ultimate Edition neşiriniň eýeleri oýna bir hepde öň, 19-njy sentýabrdan başlap girip bilerler
23.07.2025 06:37
2.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Müsüri Ynkylap güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
23.07.2025 06:28
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy we Saglygy goraýyş ministrligi Ylalaşyga gol çekişdi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy
23.07.2025 06:23
4.6k+
Aşgabatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde»
22.07.2025 19:49
6.2k+
Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7-ni bejermek örän gymmat bolup çykdy
Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7 we Flip7 smartfonlarynyň ekranlaryny çalyşmak örän çykdajyly bolup biler diýip, SamMobile portaly ýazýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Galaxy Z Fold7 smartfonynyň çeýe içki ekranyny çalyşmak 761 ýewro, daşky ekrany bolsa 525 ýewro düşer
22.07.2025 19:47
9.2k+
Android smartfonlary millionlarça adama ýertitremeleri öňünden duýdurýan tora öwrüldi
Google Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti bilen bilelikde Android smartfonlaryny ýertitremeleri anyklaýan iň uly tora öwürdi. Ol 98 ýurtda 2,5 mlrd adamy gurşap alýar diýlip, Science žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar
22.07.2025 19:45
13k+
Hytaý dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlady
HHR-iň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan Tibet awtonom sebitindäki Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
22.07.2025 19:43
7.3k+
Volkswagen-iň “Land Cruiser-ine” sargyt kabul edilip başlandy
Hytaýda FAW-Volkswagen kompaniýasynyň “öz Land Cruiser-i” hökmünde görkezýän täze Talagon ulagyna sargyt kabul edilip başlandy. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model brendiň uly SUV-laryň segmentine gaýdyp gelmek boýunça strategiýasynyň bir bölegi boldy
22.07.2025 19:38
3.4k+
Täze Xiaomi Bone Conduction 2 nauşnikleri suwda we smartfonsyz işleýär
Xiaomi suwda ulanyp boljak täze Bone Conduction 2 nauşniklerini hödürledi. Model Finlýandiýanyň Suunto fitnes-sagat brendi bilen hyzmatdaşlykda döredildi we suwda ýüzmek üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, aksessuar sesi gulagyň däl-de, süňküň üsti bilen geçirýär we smartfona birikdirmezden işleýär
22.07.2025 19:34
8.3k+
“Çelsi” maliýe düzgünlerini berjaý etmändigi sebäpli ÇL-de täze oýunçysyz galyp biler
UEFA maliýe fair-play düzgünlerini bozandygy üçin “Çelsä” Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin täze oýunçylary hasaba almagy gadagan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berdi. Mesele çykdajylaryň ahyrky çäkden geçmegi boldy: klub ýyllyk girdejiniň rugsat berlen 80%-inden köp sarp etdi we soňky üç ýylda 60 mln ýewro möçberde ýitgi çekdi
22.07.2025 19:31
7.2k+
“Bawariýanyň” öňki goragçysy Rafinýa karýerasyny tamamlady
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” öňki goragçysy Rafinýa professional karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bu barada ESPN bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Men hünärmen futbolçy karýeramy tamamlaýandygymy resmi taýdan yglan edýärin
22.07.2025 12:37
6k+
Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler
Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi
22.07.2025 12:35
7.9k+
Awstriýaly alymlar mikroplastik bilen öýkende howply täze döremäniň arasynda baglanyşyk tapdylar
Awstriýadaky Wena lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary mikroplastigi we nanoplastigi demiňe dartmagyň öýkeniň öýjüklerinde kanserogeneziň irki döwürleri bilen baglanyşykly howply üýtgeşmelere getirip biljekdigini anykladylar
22.07.2025 12:28
5.7k+
Haýwanlar bilen ösümlikleriň aragatnaşygyň ilkinji ylmy delilleri peýda boldy
Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary ösümlikler bilen haýwanlaryň arasyndaky özara akustiki aragatnaşygy hasaba aldylar. Ösümlikler öz ýagdaýyny aňladýan sesleri çykarýarlar, haýwanlar bolsa jogap hökmünde özlerini alyp barşyny üýtgedýärler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär
«
1
…
230
231
232
…
1118
»
«
1
…
227
228
229
230
231
232
233
234
235
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.