Messi “Inter Maýami” bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

24.10.2025, 11:077,228

MLS-iň “Inter Maýami” kluby 38 ýaşly argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen şertnamanyň uzaldylandygyny habar berdi.

X sosial ulgamynda klub wideo hödürledi. Onda Messi “Inter Maýaminiň” täze öý meýdançasy boljak gurulýan stadionda täze şertnama gol çekýär. Ylalaşyk 2028-nji ýyl möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder diýip, ESPN belleýär.
Messi “Inter Maýamide” 2023-nji ýyldan bäri oýnaýar. Bu döwürde ol kluba Ligalaryň kubogyny we 2024-nji ýylda MLS-iň yzygiderli çempionatyny – Supporters’ Shield baýragyny utmaga kömek etdi. Häzirki möwsümde 29 gol bilen yzygiderli çempionatyň iň gowy bombardiri boldy.
Argentinaly hüjümçi “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi, 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi we Ispaniýanyň on gezek çempionydyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.