UFC 321-iň doly kardy: esasy söweş Aspinall bilen Ganyň arasynda bolar

25.10.2025, 02:137,426

25-nji oktýabrda, şenbe güni Abu-Dabidäki “Etihad-Arenada” garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 321 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy wakasy agyr agramda çempion, britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasyndaky söweş bolar. Britaniýaly söweşiji üçin bu çempion guşagynyň ilkinji doly derejeli goragydyr.

Ýaryşyň esasy kardynda Umar Nurmagomedow hem çykyş eder. Ol Mario Bautista garşy söweşer.
Esasy söweşler, çen-takmyn, Aşgabat wagty bilen 23:30-da başlar.
Esasy kard:

  • ·Tom Aspinall – Siril Gan
  • ·Wirna Žandiroba – Makkenzi Dern
  • ·Aleksandr Wolkow – Žailton Almeýda
  • ·Umar Nurmagomedow – Mario Bautista
  • ·Aleksandar Rakiç – Azamat Murzakanow

Deslapky kard:

  • ·Ikram Aliskerow – Çun Ýon Pak
  • ·Lýudowit Kleýn – Mateuş Rebeski
  • ·Azat Maksum – Mitç Raposo
  • ·Hamdi Abdelwahab – Kris Barnett
  • ·Abdul-Karim Al-Selwadi – Mateus Kamilo
  • ·Nataniel Wud – Hose Delgado
  • ·Žaklin Amorim – Midzuki Inoue
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.