Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
20.01.2026 11:54
13k+
Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar
Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi. Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady
20.01.2026 11:02
5.8k+
Le Monde: Janni Infantinonyň FIFA-daky aýlygy 10 ýylda dört esse artdy
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň bu wezipede işlän döwründe alýan girdejisi dört esse ýokarlandy. Bu barada Fransiýanyň meşhur Le Monde neşiri habar berýär. Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, futbol wekiliniň girdejisi ýyllar boýy şu görnüşde üýtgedi: 2016-njy ýyl: 1,28 million ýewro (Prezidentlik wezipesine saýlanan ilkinji ýyly)
19.01.2026 22:13
5.9k+
Senegalda Afrikanyň Kubogyndaky ýeňişden soň dynç güni yglan edildi
Senegalyň Prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe duşenbe gününi (19-njy ýanwar) tölegli dynç güni diýip yglan etdi. Çözgüt Senegalyň Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda ýeňiş gazanmagy bilen baglanyşykly boldy diýip, RTS 1 teleýaýlymy habar berdi
19.01.2026 15:16
5.7k+
Afrikanyň Kubogy – 2026 ýaryşynyň indiwidual baýraklarynyň eýeleri yglan edildi
Marokkoda 2026-njy ýylyň Afrika milletleriniň kubogy ýaryşy tamamlandy. Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça Halkara futbol federasiýasy (FIFA) has tapawutlanan oýunçylara aýratyn baýraklary gowşurdy
19.01.2026 11:49
26k+
«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy
Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy
19.01.2026 07:06
7k+
Senegal dawaly finalda Marokkony utup, Afrikanyň Kubogyny gazandy
Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek Afrika milletleriniň kubogyny aldy. Marokko toparyna garşy final oýny Rabat şäherinde geçirildi we Senegalyň goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda gutardy
18.01.2026 16:02
6.4k+
DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar
Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi
18.01.2026 10:14
4.7k+
Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň kubogynda üçünji ýer üçin oýunda Müsüriň toparyny penalti tapgyrynda utdy. Oýnuň esasy wagty golsuz tamamlandy – 0:0. Penalti tapgyrynda Nigeriýanyň topary güýçli geldi – 4:2
17.01.2026 14:21
13k+
Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi
Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi
17.01.2026 10:48
3.6k+
Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi
Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar
17.01.2026 08:22
3k+
«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy
«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi. Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy
16.01.2026 23:02
5.7k+
Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy
«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi
16.01.2026 22:23
5.6k+
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar
16.01.2026 17:59
4.1k+
Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy
16.01.2026 16:44
1.6k+
Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar
«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi
16.01.2026 16:18
19k+
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler
16.01.2026 12:24
3.1k+
Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy
"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy
16.01.2026 09:08
4.8k+
Israel Adesanýa UFC-de indiki garşydaşyny bildi. Ol Jo Paýfer bolar
Orta agramda UFC-niň öňki çempiony Israel Adesanýa indiki söweşini amerikaly Jo Paýfere garşy geçirer. Söweş 29-njy marta geçilýän gije bolar we Sietlde UFC Fight Night 271 ýaryşynyň esasy wakasyna öwrüler. Jo Paýfer karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 17 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy
15.01.2026 22:30
11k+
«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy
Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär. «Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi
15.01.2026 22:14
4.2k+
Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär
Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
15.01.2026 16:09
14k+
«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy
Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final oýnunda Madridiň «Realy» «Albaseteden» 2:3 hasabynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Aýgytly gol oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtda geçirildi. Duşuşyk Albasete şäherindäki «Karlos Belmonte» stadionynda boldy
15.01.2026 11:42
4.3k+
Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar
Afrika milletleriniň kubogynyň finalçylary kesgitlendi. Titul ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen ýaryşyň ýer eýesi Marokko göreşer. Tanžer şäherinde geçirilen birinji ýarym final oýnunda senegallylar az hasap bilen (1:0) ýaryşyň esasy toparlarynyň birini – Müsüriň milli ýygyndysyny utdy
14.01.2026 09:43
2.9k+
Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» wagtlaýyn baş tälimçisi bellendi
«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi
14.01.2026 09:35
7.5k+
Messi we Ronaldu ilkinji gezek EA Sports FC-de «Ýylyň toparyna» goşulmady
16-njy ýanwarda EA Sports FC 26 oýnunda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryna bagyşlanan «Ýylyň topary» ady bilen uly oýun wakasy başlar. Ultimate Team režiminde geçen 12 aýyň dowamynda futbolda has tapawutlanan meşhur oýunçylaryň täze kartoçkalary peýda bolar
13.01.2026 09:36
12k+
«Real» "Barselonadan" utulan gününiň ertesi Alonsony işden çykardy. Topara Arbeloa tälimçi bellendi
Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy. Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy
12.01.2026 16:34
3.9k+
Forbes iň girdejili sport klublaryny aýtdy: 30 ýyl baş ýaryşy utmadyk topar sanawda birinji
Forbes neşiri ýylyň iň girdejili sport klublarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Milli futbol ligasynda (NFL) çykyş edýän amerikan futbol topary «Dallas Kowboýz» eýeledi. Klubuň geçen möwsümde operasion girdejisi 629 mln dollar boldy
12.01.2026 07:26
11k+
«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy
Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy
11.01.2026 21:20
4.9k+
Erling Holand yzygider altynjy gezek Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy boldy
«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär
11.01.2026 20:13
6.5k+
Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy
«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär. «Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy
11.01.2026 11:37
2.4k+
Huawei rowaýata öwrülen marafonçy Eliud Kipçoge bilen hyzmatdaşlykda täze ylgaw sagadyny döredýär
Huawei kompaniýasy sport dünýäsiniň rowaýaty şahsyýeti, marafonçy Eliud Kipçoge we professional Dsm-firmenich topary bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady — ylgawçylar üçin niýetlenen täze we ýöriteleşdirilen Running Watch seriýasyny hödürlemekdir
10.01.2026 18:57
5.7k+
«ManÝunaýted» işden çykaran tälimçileriniň öwez tölegine £100 mln töweregi sarp etdi
Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär
10.01.2026 18:22
5.1k+
FIFA TikTok bilen şertnama baglaşdy we awtorlara DÇ-2026-yny şöhlelendirmäge giň mümkinçilik berdi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) TikTok-y 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe sosial ulgamlarda wideokontent ýerleşdirmek üçin birinji «esasy platforma» diýip yglan etdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga we ýaryşy şöhlelendirmegiň netijesinde ony dünýädäki janköýerler üçin has elýeterli etmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi
10.01.2026 18:02
2.6k+
Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi
Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi
10.01.2026 11:13
1.8k+
Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler
Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy
09.01.2026 16:22
11k+
Mario Balotelli BAE-niň ikinji ligasynyň iň soňky barýan «Al-Ittifak» toparynyň oýunçysy boldy
Italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ikinji ligasynda dowam eder. 35 ýaşly futbolçy Dubaýyň «Al-Ittifak» kluby bilen iki ýarym ýyllyk şertnoma baglaşdy. Bu transfer barada italiýaly žurnalist Janluka Di Marsio habar berdi
09.01.2026 15:10
8k+
«Mançester Siti» 75 mln dollara ganaly hüjümçi Semenýony aldy
«Mançester Siti» resmi saýtynda «Bornmut» toparynyň ganaly wingeri (hüjümçisi) Antuan Semenýonyň transfer edilendigini yglan etdi. Ganaly futbolçy bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny bäş ýarym ýyllyk şertnoma baglaşyldy
09.01.2026 12:11
11k+
PSŽ 90+5-nji minutda ýeňlişden gutulyp, penaltiler arkaly Fransiýanyň Superkubogyny gazandy
«Pari Sen-Žermen» (PSŽ) taryhynda 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. 8-nji ýanwarda Kuweýtiň bitarap meýdançasynda geçirilen final duşuşygynda parižliler «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa PSŽ 4:1 hasabynda üstün çykdy
09.01.2026 11:20
4.7k+
Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi
Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi
09.01.2026 11:04
2.1k+
LG dünýäde iň ýeňil 17 dýuýmlyk noutbugyny tanyşdyrdy: agramy bary-ýogy 1,1 kg
LG kompaniýasy täze LG Gram 2026 noutbuklar hataryny yglan etdi. Bu seriýanyň iň esasy modeli bolan 17 dýuýmlyk 17Z90UR, öz ölçegindäki noutbuklaryň arasynda dünýäde iň ýeňili diýlip yglan edildi — onuň agramy bary-ýogy 1,1 kilograma barabardyr
09.01.2026 10:43
3k+
Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar
Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar
«
1
…
15
16
17
…
161
»
«
1
…
12
13
14
15
16
17
18
19
20
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.