Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi

09.01.2026, 06:204,693
1 / 2

Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi.

Sanawdaky 10 jübütiň ählisi hem basketbol estetikasy bilen suwarylgydyr. Olaryň 6-sy Jordan liniýasyna, 4-si bolsa Nike Basketball seriýasyna degişlidir.


Reýtingde retro modelleriň we nusgawy krossowkalaryň gaýtadan neşir edilen görnüşleriniň (re-release) sany örän köp.
Gyzykly tarapy, sanawyň tas ählisi 10 ýyldan gowrak taryhy bolan modellerden ybarat. Diňe iň soňky orundaky Travis Scott x Jordan Jumpman Jack Bright Cactus modeli "ýaş" taslama hasaplanýar.
2025-nji ýylyň iň gowy 10 Nike modeli:

  1. Air Jordan 11 Gamma
  2. Nigel Sylvester x Air Jordan 4 Brick by Brick
  3. Air Jordan 4 Black Cat
  4. Nike Kobe 8 Protro What The
  5. Air Jordan 12 Flu Game
  6. Air Jordan 5 Black Metallic Reimagined
  7. Nike Air Foamposite One Galaxy
  8. Nike Kobe 6 Protro Dodgers
  9. Nike Kobe 6 Protro All-Star
  10. Travis Scott x Jordan Jumpman Jack Bright Cactus
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.