Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
17.11.2025 14:56
9.3k+
18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder
18-nji noýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar
17.11.2025 14:17
10k+
Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy
16.11.2025 23:06
3.9k+
Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis
16.11.2025 21:44
8.1k+
Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer
Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer. Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy
16.11.2025 21:15
1.4k+
Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi
2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň doly tertibini hödürledi. Onda sportuň medal ugrunda has köp göreşilýän iki görnüşi bilen baglanyşykly birnäçe aýratynlyklar bar
16.11.2025 19:37
9.6k+
22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy
2003-nji ýylyň 16-njy noýabry «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy
16.11.2025 17:48
4.5k+
Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy
Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda habar berdi. "Roberto Mançini «Al-Sadd» klubunyň tälimçisi wezipesi üçin 2,5 möwsümlik şertnama baglaşdy" – diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar
16.11.2025 17:43
7.7k+
"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi
"Barselonanyň" prezidenti Joan Laporta katalon klubunyň Madridiň "Realy" bilen arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, "Realyň" Negreýra bilen bagly dawaly işe goşulmagy sebäpli ýagdaý ýitileşdi
16.11.2025 11:41
16k+
Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy
Russiýaly Islam Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynyň esasy duşuşygynda awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi. Tutluşyk hersi bäş minutlyk bäş raundlap dowam etdi. Tutluşygyň tutuş dowamynda diýen ýaly russiýaly pälwan garşydaşyny ýerde (parterde) arkasyna ýatyryp saklady
15.11.2025 00:42
6.4k+
Ýewro-2028-iň finaly Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler
2028-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň final duşuşygy Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi. Final oýun 9-njy iýulda bolar
15.11.2025 00:27
14k+
Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky ýaryşy boljakdygyny tassyklady
Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etjek iň soňky uly ýaryşy boljakdygyny mälim etdi. Bu barada futbolçy Saud Arabystanynda geçirilen Tourise atly syýahatçylyk forumynda habar berdi diýip, "Mundo Deportivo" neşiri ýazýar
14.11.2025 20:30
19k+
Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli
16-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden arenasynda UFC 322 ýaryşy geçiriler. Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen ir sagat 4:00-da başlar, esasy kard bolsa 8:00-da başlar. Esasy waka ýarym orta agramda titul söweşi bolar: çempion Jek Della Maddalena Islam Mahaçewe garşy ilkinji goragyny geçirer
14.11.2025 11:39
6.7k+
Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi
Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar
13.11.2025 09:35
3.6k+
Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar
RM Sotheby’s auksion öýi Formula-1 taryhynyň iň meşhur bolidleriniň biri bolan McLaren MP4/6 awtoulagyny auksiona çykarýar. Hut şu ulagda Aýrton Senna 1991-nji ýylyň Braziliýadaky Gran Prisinde, geçiriş gutusyndaky çynlakaý näsazlyklara garamazdan, ýeňiş gazanypdy
12.11.2025 08:51
14k+
Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi
Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär
12.11.2025 08:48
5.5k+
Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär
Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar
11.11.2025 10:18
3.2k+
Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy
11.11.2025 00:55
24k+
20 ýyldan soň rewanş: Fýodor Ýemelýanenko Kro Kopa garşy ringe çykar
MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko 2026-njy ýylda Kro Kop lakamy bilen tanalýan horwatiýaly Mirko Filipowiç bilen söweşjekdigini habar berdi. Söweş boks düzgünleri boýunça geçiriler diýip, ol “Gazeta
10.11.2025 18:28
7k+
Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi
Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi
10.11.2025 13:06
1.7k+
Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi. Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy
10.11.2025 10:15
4.8k+
Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary 8 medal gazandy
7–9-njy noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa 80 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşdy. Sport sambosy, söweş sambosy we görüş ukyby çäkli türgenler üçin ýörite ugur boýunça jemi 31 sany medallar toplumy ugrunda bäsleşildi
08.11.2025 16:56
4.6k+
Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer
“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola halypa hökmünde 1000-nji oýnuny geçirer. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Liwerpula” garşy oýun ispaniýaly hünärmen üçin şanly waka bolar
08.11.2025 08:03
1.5k+
Formula 1-de Williams topary 2026-njy ýyldan adyny üýtgeder we taryhy logotipini dikelder
Formula 1-iň Williams topary 2026-njy ýyldan başlap täze at bilen çykyş etjekdigini yglan etdi. Häzirki Atlassian Williams Racing adynyň ýerine topar Atlassian Williams F1 Team ady bilen tanalar. Şeýle hem, Williams taryhy ýeňişleriniň döwri bilen baglanyşykly nusgawy nyşanyna dolanýar
07.11.2025 19:00
4.2k+
PFL formaty üýtgedýär: Gran-pri ýaryşlary geçmişde galar
PFL (Professional Fighters League) söweş promouşeni Gran-pri formatynda ýaryş geçirmekden ýüz öwrer. Bu barada liganyň baş direktory Jon Martin habar berdi. Gurama ulgamy has ýönekeý we düşnükli etmek isleýär. “Men ähli zady ýönekeýleşdirmegi teklip etdim, çünki biziň söweşijilerimiz gowy
07.11.2025 18:51
7.1k+
FIFA “The Best” baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň jemi boýunça The Best baýraklaryna dalaşgärleirň sanawyny hödürledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin dalaş edýär:
07.11.2025 18:46
8.4k+
Messi, Ronaldu we Ýamal FIFA-nyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaşgärleriň sanawyna girdi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaş edýän hüjümçileriň sanawyny hödürledi. Bu ýyllyk reýting klub we halkara ýaryşlarda özüni görkezen dünýäniň iň gowy oýunçylaryny bir ýere jemleýär
06.11.2025 19:21
15k+
Lionel Messä amerikan şäheriniň açary gowşuryldy
Argentinaly futbolçy Lionel Messi Maýami şäheriniň simwoliki açaryny aldy. Oňa baýragy America Business Forum-daky çykyşyndan soň şäheriň häkimi Frensis Suares gowşurdy diýip, ESPN habar berýär. “Men siziň şäherimiz, ýurdumyz we tutuş futbol dünýäsi üçin bitiren işleriňiz üçin şu açary gowşurmak isleýärin
06.11.2025 19:10
3.8k+
Oweçkin taryhda ilkinji bolup MHL-iň yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçirdi
“Waşington Kepitalz” amerikan hokkeý toparynyň hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň (MHL) yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçiren ilkinji hokkeýçi bolup, taryhy rekord goýdy. Bu barada CBS Sports habar berýär
06.11.2025 18:56
5.8k+
Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi
“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy hökmünde Çempionlar ligasynda rekord goýdy. Bu barada Squawka portaly X sosial ulgamynda habar berdi
06.11.2025 13:18
7.8k+
Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Brýugge» bir-birine 3 gol geçirdi, «Karabah» we «Çelsi» deňme-deň oýnady
Penşenbe gününe geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Oýunlar birnäçe garaşylmadyk netijeleri getirdi. «Karabah» Bakuwda «Çelsi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, öz utuklaryny 7-ä ýetirdi we pleý-off üçin hakyky dalaşgäriň birine öwrüldi
06.11.2025 11:32
7.4k+
AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi
06.11.2025 11:04
4.1k+
Geýmerler Counter-Strike 2-de millionlarça dollar ýitirdi: futbolçy Neýmar hem ýitgi çekdi
2025-nji ýylyň oktýabrynyň ahyrynda Counter-Strike 2-niň içindäki predmetleriň bazary häzire çenli iň uly çökgünligi başdan geçirdi. Jemgyýetde Red Skin Alchemy resmi däl adyny alan täze kraft funksiýasy bilen täzelenme çykandan soň, seýrek predmetler üçin bahalar 40-60% pese gaçdy
06.11.2025 10:52
5.4k+
Futbolçylar FIFPro-nyň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparyny saýladylar
Professional futbolçylar birleşmesiniň Halkara federasiýasy (FIFPro) 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparynyň düzümini yglan etdi. Topar 68 ýurtdan 26 müňden gowrak futbolçynyň ses bermegi esasynda kesgitlenildi
05.11.2025 11:03
3.1k+
Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi
Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapuwlary geçirildi. Bedewler dürli aralykdan on gezek çapuwa goşuldy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Güýzki möwsümiň ýapylyşy mynasybetli guralan at çapyşyklary ikiýaşar atlaryň 1000 metr aralykdaky ýaryşy bilen badalga aldy
05.11.2025 10:48
8.8k+
Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy
UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler. «Liwеrрul» – «Real» 1:0 «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy
05.11.2025 06:49
7.9k+
"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi
4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy
04.11.2025 20:47
8.1k+
Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar
Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär
03.11.2025 17:30
3.4k+
Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy
03.11.2025 17:06
3.5k+
Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär
Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi
03.11.2025 17:02
5.3k+
Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi
Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar
«
1
…
20
21
22
…
161
»
«
1
…
17
18
19
20
21
22
23
24
25
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.