FIFA “The Best” baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi

07.11.2025, 18:517,128
1 / 3

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň jemi boýunça The Best baýraklaryna dalaşgärleirň sanawyny hödürledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin dalaş edýär:

  • ·Usman Dembele (“Pari Sen-Žermen” we Fransiýanyň milli ýygyndysy)
  • ·Aşraf Hakimi (“Pari Sen-Žermen” we Marokko)
  • ·Nunu Mendeş (“Pari Sen-Žermen” we Portugaliýa)
  • ·Witinýa (“Pari Sen-Žermen” we Portugaliýa)
  • ·Garri Keýn (“Bawariýa” we Angliýa)
  • ·Kilian Mbappe (“Real” we “Fransiýa”)
  • ·Koul Palmer (“Çelsi” we Angliýa)
  • ·Pedri (“Barselona” we Ispaniýa)
  • ·Rafinýa (“Barselona” we Braziliýa)
  • ·Lamin Ýamal (“Barselona” we Ispaniýa)
  • ·Mohammed Salah (“Liwerpul” we Müsür)

Geçen ýyl baýragyň eýesi “Realyň” braziliýaly hüjümçisi Winisius boldy.

Ýylyň iň gowy derwezebany baýragy üçin dalaşgärler:

  • ·Alison Beker (“Liwerpul” we Braziliýanyň milli ýygyndysy)
  • ·Tibo Kurtua (“Real” we Belgiýa)
  • ·Janluiji Donnarumma (“Mançester Siti” (öň – “PSŽ”) we Italiýa)
  • ·Emiliano Martines (“Aston Willa” we Argentina)
  • ·Manuel Noýer (“Bawariýa” we Germaniýa)
  • ·Dawid Raýýa (“Arsenal” we Ispaniýa)
  • ·Ýan Zommer (“Inter” we Şweýsariýa)
  • ·Woýseh Şensny (“Barselona” we Polşa)

Geçen ýyl bu baýragyň eýesi argentinaly Emiliano Martines bolupdy.

Ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärler:

  • ·Hans-Diter Flik (“Barselona”)
  • ·Arne Slot (“Liwerpul”)
  • ·Luis Enrike (“Pari Sen-Žermen”)
  • ·Mikel Arteta (“Arsenal”)
  • ·Enso Mareska (“Çelsi”)
  • ·Roberto Martines (Portugaliýanyň milli ýygyndysy)
  • ·Hawýer Agirre (Meksikanyň milli ýygyndysy)

2024-nji ýylda FIFA tarapyndan iň gowy halypa hökmünde şol wagt Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýän Karlo Ançelotti saýlandy. Häzir italiýaly hünärmen Braziliýanyň milli toparyna tälimçilik edýär.
FIFA-nyň saýtynda janköýerleriň ses berişligi 28-nji noýabra çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.