Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi

06.11.2025, 13:565,835

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy hökmünde Çempionlar ligasynda rekord goýdy. Bu barada Squawka portaly X sosial ulgamynda habar berdi.

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunda Dortmundyň “Borussiýasyna” garşy (4:1) norwegiýaly oýunçy ýene gol geçirip, yzygider gol girizen oýunlarynyň sanyny bäşe ýetirdi.
Öň, Holand ÇL-de 2019/2020 möwsüminde “RB Zalsburgyň” we 2020/2021 möwsüminde Dortmundyň “Borussiýasynyň” düzüminde yzygider bäş oýunda gol geçiripdi.
2022-nji ýyldan bäri Holand “Mançester Sitide” oýnaýar. Onuň klub bilen şertnamasy 2034-nji ýyla çenli hereket edýär. Häzirki möwsümde futbolçy ähli ýaryşlarda 18 oýna gatnaşyp, 21 gol geçirdi we iki assist etdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.