Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi
02.11.2025 23:37
10k+

Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy
Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy
02.11.2025 20:47
5.3k+

Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.  "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar
PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy
02.11.2025 19:44
3.8k+

PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar
“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder
01.11.2025 15:33
6.9k+

“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder

Başa barmadyk futbol Superligasynyň taslamasyny esaslandyryjy klublaryň biri bolan Madridiň “Realy” Madridiň welaýat kazyýetiniň UEFA-nyň täze ýaryşy geçirmek bilen bagly şikaýat arzasyny ret edendigini habar berdi
3 aýda 50 kg horlan we Porsche Panamera al: Hytaýda fitnes merkezi adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi
01.11.2025 13:56
8.4k+

3 aýda 50 kg horlan we Porsche Panamera al: Hytaýda fitnes merkezi adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi

Hytaýdaky fitnes merkezleriniň biri adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi: kim üç aýyň dowamynda 50 kilogram agram ýitirse, oňa baýrak hökmünde Porsche Panamera berler diýip, The Telegraph habar berýär. Bäsleşigiň gurnaýjysy, tälimçi bolup, ol 2020-nji ýylda öndürilen ulagyny baýrak hökmünde goýdy
Türkmen parapauerliftingçileri Kairde dünýä çempionatynda 4 medal gazandylar
01.11.2025 12:56
6.6k+

Türkmen parapauerliftingçileri Kairde dünýä çempionatynda 4 medal gazandylar

Türkmenistanyň parapauerlifting boýunça ýygyndy topary Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 4 medal gazandy. Şolaryň 2-si kümüş, 2-si hem bürünç medallardyr diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy
01.11.2025 09:51
2.7k+

HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy

Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi
Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy
01.11.2025 09:34
2.6k+

Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy. Bu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny 20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi
«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady
01.11.2025 09:19
6.4k+

«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady. Duşuşyk Butanda geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk goly 29-njy minutda Zafar Babajanow kelle urgusy bilen geçirdi
IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär
31.10.2025 22:29
5.8k+

IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär

Futbol ýolbaşçylaryny oýunçylaryň doly taýýarlyk bilen autdan topy uzaga zyňmak trendi biynjalyk edýär. Çünki, bu öňdebaryjy çempionatlaryň oýunlarynda “arassa” oýun wagtyna täsir edýär – ol uzak dowam edýän pauzalar sebäpli ep-esli azalýar
Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi
31.10.2025 22:12
5.1k+

Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi

Soňky on ýylda fransuz futbol klublary oýunçylaryň daşary ýurtlara transferinden tas 4 mlrd ýewro gazandy. Şeýle maglumatlary Halkara futbol federasiýasynyň hyzmatdaşy CIES Football Observatory hödürleýär. CIES 2016-njy ýyldan başlap, soňky on ýylda transferlerden gelen girdejiler boýunça futbol çempionatlarynyň reýtingini düzdi
Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy
31.10.2025 15:34
4.6k+

Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi
Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy
31.10.2025 09:55
12k+

Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy

Türk­me­nis­tanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew häzirki wagtda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda habar berildi. Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi
Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar
30.10.2025 15:16
16k+

Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar

Gökdirän binanyň depesinde futbol stadionyny göz öňüne getirip bilersiňizmi?! Eger ýok bolsa, Saud Arabystany ony size hakykatda görkezip biler – patyşalykda nobatdaky NEOM Sky Stadium mega-taslamasy hödürlendi
Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy
30.10.2025 11:45
11k+

Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar
Kia täze Telluride modeliniň ilkinji resmi suratlaryny görkezdi
28.10.2025 20:30
5.9k+

Kia täze Telluride modeliniň ilkinji resmi suratlaryny görkezdi

Kia täze nesil Telluride krossoweriniň ilkinji resmi şekillerini hödürledi. Täze modeliň doly tanyşdyrylyşy 20-nji noýabrda Los-Anjeles awtosergisinde bolar. Telluride-nyň ikinji nesli has burçly we güýçli görnüşe eýe bolar
«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi
28.10.2025 19:56
12k+

«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi

28-nji oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Butanyň «Paro» klubuny 3:1 hasabynda utdy. Ýaryşyň Günbatar zolagynyň "A" toparynyň ähli duşuşyklary merkezleşdirilen formatda Butanyň paýtagty Thimphuda geçirilýär
Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy
28.10.2025 18:56
11k+

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Bu barada futbolçy NBC telekanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi
BMGÖM-niň wekiliýeti Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
28.10.2025 12:11
7.8k+

BMGÖM-niň wekiliýeti Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

25-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we hemişelik wekiliň orunbasary Tomitsa Paowiç Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar
Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy
28.10.2025 07:09
3.9k+

Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy
Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar
28.10.2025 06:57
3.5k+

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir
Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi
27.10.2025 14:39
1.9k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi
«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy
27.10.2025 12:10
7.8k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy
"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy
27.10.2025 09:55
13k+

"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy
Lionel Messi “Altyn butsy” aldy we MLS-de gol boýunça rekord goýdy
26.10.2025 18:26
9.9k+

Lionel Messi “Altyn butsy” aldy we MLS-de gol boýunça rekord goýdy

“Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi MLS-iň yzygiderli möwsüminiň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” aldy. 38 ýaşly argentinaly oýunça baýrak pleý-offuň 1/8 finalynyň “Neşwill” bilen oýnundan öň gowşuryldy
“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy
26.10.2025 18:23
6.3k+

“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

“Barselona” futbol kluby taksi gözlemek we sargyt etmek boýunça Uber hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň başlandygyny habar berdi. Şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder we Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, kluba ýylda, takmynan, 1 mln ýewro getirer
Maýkl Jordanyň awtografy bolan kartoçka rekord 2,7 mln dollara satyldy
26.10.2025 18:18
3.6k+

Maýkl Jordanyň awtografy bolan kartoçka rekord 2,7 mln dollara satyldy

Meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň suraty we goly bolan kolleksiýa kartoçkasy auksionda 2,7 mln dollara satyldy. Bu ikinji el bazarda satyn alnan kartoçkalaryň arasynda rekord mukdar boldy diýip, Goldin Auction auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär
«Bawariýa» «Milanyň» 33 ýyl mundan ozal goýan rekordyny gaýtalady
26.10.2025 10:46
9.4k+

«Bawariýa» «Milanyň» 33 ýyl mundan ozal goýan rekordyny gaýtalady

Mýunheniň «Bawariýasy» möwsümiň başynda dünýäniň öňdebaryjy klublary üçin geň galdyryjy netijeleri görkezýär. Wensan Kompaniniň ýolbaşçylyk edýän topary Bundesliganyň 9-njy tapgyrynda Mýunhengladbahyň «Borussiýasyny» 3:0 hasabynda utdy we şeýlelikde «Milanyň» 1992/93 möwsüminde goýan rekordyny gaýtalady
UFC 321: Gan tötänleýin Aspinalla şikes ýetirdi — titul söweşi geçirilmedik diýlip yglan edildi
26.10.2025 10:00
18k+

UFC 321: Gan tötänleýin Aspinalla şikes ýetirdi — titul söweşi geçirilmedik diýlip yglan edildi

Abu-Dabide geçirilen UFC 321 ýaryşynyň çäginde agyr agramdaky titul söweşi — britaniýaly pälwan Tom Aspinall bilen fransiýaly Siril Ganyň arasyndaky duşuşyk netijesiz diýlip yglan edildi. Gan ilkinji sekuntlardan başlap ynamly hereket etdi, aýakda söweşde çempiondan egsik gelmän, partere alma synanyşyklaryndan ussatlyk bilen baş alyp çykdy
SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi
26.10.2025 09:40
5k+

SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi

SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady
Nike çalt hereket etmäge kömek edýän motorly krossowka döretdi
26.10.2025 09:32
7.6k+

Nike çalt hereket etmäge kömek edýän motorly krossowka döretdi

Nike kompaniýasy hereketlendirijili aýakgap ulgamynyň prototipini hödürledi. Project Amplify atly taslama adamlara tiz hereket etmäge we az güýç bilen has uzak aralyklary geçmäge kömek etmegi maksat edinýär. Ulgam injik bilen topugyň tebigy hereketini goldamak üçin niýetlenýär
“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy
25.10.2025 17:52
7.3k+

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi. Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi
2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar
25.10.2025 17:29
11k+

2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar

Ýekşenbe güni agşam La Ligada güýzüň esasy oýny – Madridiň “Realy” bilen “Barselonanyň” arasynda nobatdaky “El-Klasiko” bolar. Toparlar diňe bir üç utuk gazanmak däl, eýsem biri-birinden ýene bir basgançak ýokary bolmak ugrunda bäsleşer
UFC 321-iň doly kardy: esasy söweş Aspinall bilen Ganyň arasynda bolar
25.10.2025 07:13
7.4k+

UFC 321-iň doly kardy: esasy söweş Aspinall bilen Ganyň arasynda bolar

25-nji oktýabrda, şenbe güni Abu-Dabidäki “Etihad-Arenada” garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 321 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy wakasy agyr agramda çempion, britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasyndaky söweş bolar
Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy
24.10.2025 16:52
7.9k+

Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy

Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär
Ýewropa ligasynda we Konferensiýa ligasynda tapgyryň jemi: iň ýokary netijäni gazanan toparlar
24.10.2025 16:25
7.5k+

Ýewropa ligasynda we Konferensiýa ligasynda tapgyryň jemi: iň ýokary netijäni gazanan toparlar

2025/2026 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýunlary tamamlandy. Üç oýundan soň iň ýokary 9 utugy üç topar gazandy: «Midtýulland» (Daniýa), «Braga» (Portugaliýa) we «Lion» (Fransiýa). Tapgyryň esasy garaşylmadyk wakasy Italiýanyň «Roma» klubunyň ýeňlişi boldy
Messi “Inter Maýami” bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
24.10.2025 16:07
7.2k+

Messi “Inter Maýami” bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

MLS-iň “Inter Maýami” kluby 38 ýaşly argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen şertnamanyň uzaldylandygyny habar berdi. X sosial ulgamynda klub wideo hödürledi. Onda Messi “Inter Maýaminiň” täze öý meýdançasy boljak gurulýan stadionda täze şertnama gol çekýär
Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi
24.10.2025 10:48
10k+

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. «Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen geçirilen duşuşykda «Merw II» toparyndan Muhammet Allaberdiýew duşuşygyň 1-nji minutynda topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depip, toparyny öňe saýlady
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maslahatynda sportuň arassalygyny goramak we dopinge garşy göreş tagallalaryna goldawyny bildirdi
24.10.2025 10:01
2k+

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maslahatynda sportuň arassalygyny goramak we dopinge garşy göreş tagallalaryna goldawyny bildirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşdy. Mejlis Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20-22-nji oktýabr aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
“Bawariýa” baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýyla çenli uzaltdy
23.10.2025 18:03
4.5k+

“Bawariýa” baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýyla çenli uzaltdy

Mýunheniň “Bawariýa” futbol kluby baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. “Men hoşal we klubda ilkinji günümden bäri bildiren ynamy üçin “Bawariýa” minnetdarlyk bildirmek isleýärin
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.