«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

27.10.2025, 12:107,856

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda ýeke-täk goly 68-nji minutda Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy.
Belläp geçsek, «Arkadag» FK döredilen gününden bäri milli çempionatda utuk ýitirmän gelýär.

2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby özüniň ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdy. Şonuň üçin hem, bu topar Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryşa — AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Geçen möwsüm bolsa ýurdumyzyň çäginde gazanan kuboklarynyň üstüni AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky gazanan ýeňşi bilen ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.