«Bawariýa» «Milanyň» 33 ýyl mundan ozal goýan rekordyny gaýtalady

26.10.2025, 05:469,417

Mýunheniň «Bawariýasy» möwsümiň başynda dünýäniň öňdebaryjy klublary üçin geň galdyryjy netijeleri görkezýär. Wensan Kompaniniň ýolbaşçylyk edýän topary Bundesliganyň 9-njy tapgyrynda Mýunhengladbahyň «Borussiýasyny» 3:0 hasabynda utdy we şeýlelikde «Milanyň» 1992/93 möwsüminde goýan rekordyny gaýtalady.

Bu ýeňiş «Bawariýanyň» täze möwsümde ähli ýaryşlarda yzly-yzyna gazanan 13-nji ýeňşi boldy. Bu görkeziji soňky 30 ýylyň dowamynda Ýewropanyň  Top-5 çempionatlarynyň  klublarynyň arasynda iň ýokary netijedir diýip, Bayern & Germany habar berýär.
Statistikanyň görkezmegine görä, mýunhenliler hatda gol tapawudy boýunça-da «Milandan» geçmegi başardy: «Bawariýa» — 47:9, «Milan» — 45:13.
Rekordyň täzelenmegi 29-njy oktýabrda Germaniýanyň Kubogynda «Kýölne» garşy geçiriljek oýunda bolup biler.
Klub Bundesliganyň sanawynda hem 8 oýunda 24 utuk toplap, birinji orny ynamly saklaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.