Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
25.08.2025 15:49
3k+
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda “Ozon we klimat” ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraýar
25.08.2025 12:20
5.5k+
13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi
Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar
25.08.2025 07:38
5.2k+
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahat 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy
25.08.2025 07:29
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser
24.08.2025 16:24
6.2k+
Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi
Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy
23.08.2025 14:43
17k+
Ermenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi Garagoýunly türkmenleriniň taryhy ýadygärligine baryp gördüler
21-nji awgustda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow bilen Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asyryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördüler
23.08.2025 08:54
22k+
Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi
22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli medeni çäreler geçirildi
23.08.2025 08:40
6.6k+
«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar
22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde:
23.08.2025 08:31
4.3k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy
23.08.2025 08:14
7.7k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bitewi ulag strategiýasyny döretmek başlangyjyny maslahatlaşýar
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi
23.08.2025 07:59
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Ýewropa ibermek mümkinçilikleri barada aýtdy
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi
23.08.2025 07:31
6.8k+
Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Awazada üçtaraplaýyn duşuşykda çykyş etdiler
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
22.08.2025 19:04
18k+
Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär
22.08.2025 18:47
3.2k+
Ýaş türkmen zehinleri TÜRKSOÝ-yň geçiren bäsleşiklerde baýraklary orunlary aldylar
Ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen çagalaryň halkara döredijilik festiwaly geçirildi. Çagalaryň döredijilik festiwalyna ýurdumyzdan hem ýaş zehinler gatnaşdylar
22.08.2025 15:59
8.6k+
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady
22.08.2025 15:55
2.3k+
Ýaponiýanyň ilçihanasy ýapon dil bilimini bahalandyrýan synag üçin arzalary kabul edip başlady
Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalar kabul edilýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi. Hasaba alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli dowam eder. Bellenilişi ýaly, synag şu ýyl ikinji gezek geçirilýär
22.08.2025 15:35
2.8k+
Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bolar
Hindistanyň Daşary işler ministrligi Banderu Wilsonbabunyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol ýakyn wagtda öz wezipesine girişer. Banderu Wilsonbabu 2004-nji ýylda diplomatik karýerasyna başlapdyr
22.08.2025 15:27
12k+
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň meşhur ýerleri boýunça täze syýahatçylyk ugry döredildi
Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirýän täze halkalaýyn syýahatçylyk ugry döredildi. Serhetara syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 15-den gowrak desgany öz içine alýar
22.08.2025 15:03
3.3k+
Aşgabatda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär
22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralmagy däbe öwrülen ýöriteleşdirilen
22.08.2025 14:49
7.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
22.08.2025 13:05
3k+
Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
21-nji awgustda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň ilçisi M.Maşalow Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahy bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
22.08.2025 12:56
4.7k+
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi
22.08.2025 12:00
8k+
Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirild
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda
22.08.2025 11:54
7.1k+
Raşid Meredow Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy
22.08.2025 11:49
9.7k+
Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi
22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Türkmenbaşy halkara howa menzilinde goňşy döwletiň Baştutanynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi
22.08.2025 09:02
7.8k+
22-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Liderleriniň sammiti geçiriler
Şu gün, 22-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýip, özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
22.08.2025 07:45
7.9k+
Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular
21-nji awgustda Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşikler guraldy. Türkmenistanyň
21.08.2025 19:55
4.6k+
Türkmen karateçileri Daşkentde Merkezi Aziýanyň Kubogynda 24 medal gazandylar
18-20-nji awgust aralygynda Daşkent şäherinde kýokuşunkaý karate boýunça Merkezi Aziýanyň Kubogy geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda ýokary netijeleri görkezip, 6 altyn, 4 kümüş we 14 bürünç medala mynasyp boldy
21.08.2025 11:23
7.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
21.08.2025 11:15
6.4k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde dekabrdaky çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy
20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
21.08.2025 11:06
15k+
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze etraplary döretmek bilen bagly teklipler maslahatlaşylar
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy
21.08.2025 11:01
7.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň wezipelerini kesgitledi
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde çykyş etdi. geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 19-njy sentýabrynda
21.08.2025 08:20
3.5k+
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, sylaglar gowşuryldy
21.08.2025 08:14
3.2k+
Aşgabatda «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy badalga alýar: Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşyjylary gutlady
Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady
21.08.2025 08:06
10k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Degişli Karar 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan kabul edildi
21.08.2025 07:57
4.4k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýakynda geçiriljek çäreleri maslahatlaşdy
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
20.08.2025 23:08
5.4k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy
19-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
20.08.2025 23:03
9.4k+
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Seulda dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşdy
15-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
20.08.2025 14:09
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
20.08.2025 13:57
2.9k+
Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
«
1
…
43
44
45
…
160
»
«
1
…
40
41
42
43
44
45
46
47
48
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.