Alymlar Türkiýede Nuhuň gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerinde  gazuw-agtaryş işlerine başlarlar
23.04.2025 14:04
11k+

Alymlar Türkiýede Nuhuň gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerinde  gazuw-agtaryş işlerine başlarlar

"Noah’s Ark Scans" taslamasynyň türkiýeli, beýik britaniýaly we ABŞ-ly arheologlardan ybarat barlagçylary Türkiýäniň Ararat dagynyň 30 km günortasynda Nuh gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerini öwrenmek boýunça meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar
ABŞ-ly alymlar täze reňk tapdylar. Ol gözüň torly perdesine lazer täsir edende ýüze çykdy
23.04.2025 13:36
5.3k+

ABŞ-ly alymlar täze reňk tapdylar. Ol gözüň torly perdesine lazer täsir edende ýüze çykdy

Amerikaly barlagçylar topary täze reňkiň tapylandygyny habar berdiler. Pöwrizäniň bu öwüşginini diňe gözüň torly perdesine lazeriň täsir etmegi arkaly görüp bildiler diýip, Science Advances žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar
Öýümiz: «Nat Geo Your Shot 2025» surat bäsleşiginiň iň gowy suratlary neşir edildi
23.04.2025 13:22
5.1k+

Öýümiz: «Nat Geo Your Shot 2025» surat bäsleşiginiň iň gowy suratlary neşir edildi

Gregoriniň ýolbaşçylygyndaky emin agzalary tebigatyň hem-de haýwanat dünýäsiniň gözelligini görkezýän iň gowy suratlary saýladylar. Bäsleşik her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Ýer güni mynasybetli geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin işler şu aýyň ahyryna çenli kabul edilýär
BAE dünýäde ilkinji bolup kanunlary ýazmakda emeli aň ulanar
23.04.2025 13:10
4.2k+

BAE dünýäde ilkinji bolup kanunlary ýazmakda emeli aň ulanar

Birleşen Arap Emirlikleri täze kanunlary ýazmakda, olara seretmekde we üýtgeşmeleri girizmekde emeli aňy ulanjak ilkinji ýurt bolar. Bu barada Financial Times gazeti habar berýär. Neşir BAE-niň milliardlarça dollar maýa goýan bu başlangyjyny “tehnologiýany peýdalanmak üçin düýpli synanyşyk” diýip atlandyrýar
Heýkeltaraş robot Renessans stilinde haýran galdyryjy mermer heýkelleri döredýär
23.04.2025 13:06
3.7k+

Heýkeltaraş robot Renessans stilinde haýran galdyryjy mermer heýkelleri döredýär

Internetde robotyň ýokary takyklyk bilen mermerden adam heýkelini ýasaýandygyny görkezýän wideo ýaýrady. Renessans stilinde heýkelleri döredýän EA roboty Monumental Labs kompaniýasy tarapyndan döredildi. Maşyn daşy suw bilen sowadyp ýonýar we öň diňe adam güýjüne başardar diýlip hasaplanan işi ýerine ýetirýär
Drift ýaryşynda ulagyň tigirinden tekeri sypyp, ýene-de ýerine gaýdyp geldi
23.04.2025 12:59
8.5k+

Drift ýaryşynda ulagyň tigirinden tekeri sypyp, ýene-de ýerine gaýdyp geldi

Sankt-Peterburgda geçirilen Let’s Drift 2025 tomusky çempionatynyň birinji tapgyrynda özboluşly waka bolup geçdi. Ýaryş wagty sürüji Artýom Perepelisanyň ulagynyň tigirinden tekeri sypyp galyp, birnäçe sekuntdan ýene-de diske gaýdyp geldi
Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär
23.04.2025 12:33
3.4k+

Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär

Şanhaýda 21-nji halkara awtosalon öz işine başlady. Ol 10 gün, 23-nji aprelden 2-nji maýa çenli dowam eder. Guramaçylar bu döwürde sergä 1,3 mln adamyň gelmegine garaşýar. Sergide 100-den gowrak täze ulag görkeziler
"Türkmenistan" awiakompaniýasy 1-nji maýdan Moskwa we Kazana gatnawlaryny dikeldýär
23.04.2025 12:24
13k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 1-nji maýdan Moskwa we Kazana gatnawlaryny dikeldýär

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabatdan Moskwa we Kazan ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny täzeden dikeldýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär
23.04.2025 11:45
4.4k+

Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär. "Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum açyldy
23.04.2025 11:30
2k+

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum açyldy

Şu gün, 23-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forumyň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki maýa
Curioo Kids okuw merkezi tomusky tapgyra arzanlaşyk bilen ýazylmaga çagyrýar
23.04.2025 11:13
136k+

Curioo Kids okuw merkezi tomusky tapgyra arzanlaşyk bilen ýazylmaga çagyrýar

Her bir çaga özboluşlydyr: käbirleri ýaşlykdan surat çekmäge we döredijilige höwes bildirýär, beýlekiler bolsa okamak, ýazmak we analiz etmek bilen gyzyklanýarlar. Käbir çagalar aragatnaşyk etmegi we topar bilen işleşmegi halaýarlar, beýlekiler bolsa ümsümligi we özbaşdak jogap gözlemegi makul bilýärler
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy
23.04.2025 10:22
8.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy

22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy. “Yssyk-Kul” halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow garşy aldy diýip, gyrgyz Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana dostlukly saparyny tamamlady
23.04.2025 10:11
5.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana dostlukly saparyny tamamlady

22-nji aprelde Gazagystana dostlukly saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidenti bilen bilelikde “SPK TURKISTAN” senagat parkyna baryň gördi
Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar
23.04.2025 00:44
7.4k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy
Norwegiýada emeli garyň kömegi bilen ereýän buzlugy halas etmek isleýärler
23.04.2025 00:41
8k+

Norwegiýada emeli garyň kömegi bilen ereýän buzlugy halas etmek isleýärler

Skandinaw daglarynyň iň beýik nokady bolan Gallhýopiggen dagyndaky ereýän buzlugy emeli garyň kömegi bilen halas etmek teklip edildi. Buzluk her ýyl 1 mln kubometr gar ýitirýär, onuň galyňlygy bolsa eýýäm 20-25 metre çenli azaldy
Smartfonlaryň gutusynda batareýasynyň ömri barada maglumat peýda bolar
23.04.2025 00:38
4.8k+

Smartfonlaryň gutusynda batareýasynyň ömri barada maglumat peýda bolar

2025-nji ýylyň 20-nji iýunyndan Ýewropa Bileleşiginde smartfonlar we planşetler üçin täze bellik talaplary hereket edip başlar. Olaryň gutularynda akkumulýatoryň hyzmat ediş möhleti we öndürijiligi barada ýörite ýelmentgi ýerleşdiriler diýip, GSMArena habar berýär
Ýerde ilkinji bägülleriň hakyky reňki anyklanyldy: olar sary eken
23.04.2025 00:35
3.2k+

Ýerde ilkinji bägülleriň hakyky reňki anyklanyldy: olar sary eken

Pekiniň tokaý hojalygy uniwersitetiniň alymlary häzirkizaman bägülleriniň ýedi bölek ýaprakly sary bir bitewi gülýaprakly gülden gelip çykandygyny anyklady. Ylmy gözlegiň netijeleri Nature Plants žurnalynda neşir edildi
LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer
23.04.2025 00:32
2.8k+

LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer

LG kompaniýasy ulanyjylaryň emosiýalaryny we pikirlerini seljerýän ZenVision emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüji Zenapse bilen şertnama baglaşdy. Tehnologiýa bütin dünýäde 200 mln LG telewizoryna, şol sanda ABŞ-da öý hojalyklarynyň 35%-ine ornaşdyrylar
Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämileriniň biri bolan Disney Adventure-niň gurluşygy tamamlanýar
23.04.2025 00:30
9k+

Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämileriniň biri bolan Disney Adventure-niň gurluşygy tamamlanýar

Germaniýanyň Wismar şäherinde Disney Adventure kruiz gämisi angardan çykaryldy. Bu dünýäde iň uly kruiz gämileriniň biridir: onuň uzynlygy – 342 metr, ini – 46 metr. Häzir ahyrky işler, şol sanda tüsse turbalarynyň we attraksionlaryň gurnalmagy dowam edýär diýip, BILD ýazýar
Nadal Laureus tarapyndan “Sport ikonasy” adyny alan ikinji türgen boldy
23.04.2025 00:08
3.3k+

Nadal Laureus tarapyndan “Sport ikonasy” adyny alan ikinji türgen boldy

Ispaniýaly tennisçi, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadal Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Sport ikonasy” nominasiýasy boýunça baýrak aldy. Ol bu ada mynasyp bolan taryhda ikinji türgen boldy
Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi
23.04.2025 00:06
5.1k+

Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi

Madridiň “Real” futbol kluby Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň topary” diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji aprelde Ispaniýanyň paýtagtynda geçirildi. Bu kategoriýada baýrak
Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy
23.04.2025 00:00
4.8k+

Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Madridde geçirilen Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň öňegidişligi” baýragyny aldy. Bu barada baýragyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berýär
Simona Baýlz we Arman Dýuplantis “ýylyň türgeni” baýraklaryna eýe boldy
22.04.2025 15:14
4.3k+

Simona Baýlz we Arman Dýuplantis “ýylyň türgeni” baýraklaryna eýe boldy

21-nji aprelde Madridde geçen 25-nji Laureus World Sports Awards dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy türgenleri yglan edildi. Olar amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz we şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis boldy
“Günäliler” horrory prokatda öňdebaryjy bolup, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi
22.04.2025 15:14
6.3k+

“Günäliler” horrory prokatda öňdebaryjy bolup, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi

Raýan Kugleriň “Günäliler” (Грешники) wampir horrory demirgazyk amerikan prokatynda 45,6 mln dollar ýygnap, öňdebaryjy boldy. Maýkl B.Jordanyň gatnaşmagyndaky film garaşylmadyk ýagdaýda pasha dynç günleri kassa ýygymy boýunça birinji orny eýeläp, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi
Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3500 dollardan geçdi
22.04.2025 15:08
5.1k+

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3500 dollardan geçdi

Altynyň bahasy sişenbe güni taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3500 dollardan geçdi. Muny Nýu-Ýorkuň Comex biržasynyň söwda maglumatlary delillendirýär. Altyn taryhy iň ýokary derejesine – 3 509,06 dollara Aşgabat wagty bilen 11:18-de ýetdi
Magnus Karlsen Germaniýada geçen Grenke Freestyle Chess Open ýaryşynda ýeňiji boldy
22.04.2025 15:00
3.7k+

Magnus Karlsen Germaniýada geçen Grenke Freestyle Chess Open ýaryşynda ýeňiji boldy

Küşt boýunça dünýäniň on altynjy çempiony, norwegiýaly Magnus Karlsen Grenke ýyllyk küşt festiwalynyň çäklerinde Germaniýanyň Karlsrue şäherinde geçirilen Grenke Freestyle Chess Open 2025 ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Keniýalylar Boston marafonynda ýeňiji boldy: biri ýaryşyň başynda ýykyldy, beýlekisi rekord goýdy
22.04.2025 14:55
4.3k+

Keniýalylar Boston marafonynda ýeňiji boldy: biri ýaryşyň başynda ýykyldy, beýlekisi rekord goýdy

Bostonda hasap boýunça 129-njy marafon geçirildi. World Maratfon Majors seriýasyna girýän bu marafon dünýäde iň gadymy marafon bolup, ol 1897-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zenanlaryň arasynda 31 ýaşly keniýaly Şaron Lokedi ýeňiş gazandy
5 ýylda 4-nji gezek: Sobolenko Ştutgartdaky WTA ýaryşynyň finalynda utuldy
22.04.2025 14:50
5.1k+

5 ýylda 4-nji gezek: Sobolenko Ştutgartdaky WTA ýaryşynyň finalynda utuldy

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko Ştutgartda (Germaniýa) toýun kortda geçirilen WTA-500 ýaryşynyň finalynda ýene-de titul gazanyp bilmedi. Bu gezek dünýäniň birinji raketkasy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek çempiony aýgytly oýunda latwiýaly tennisçi Ýelena Ostapenkodan utuldy
Daň ýyldyzy Wenera 24-nji aprelde öňküsinden has ýagty bolar
22.04.2025 12:02
4k+

Daň ýyldyzy Wenera 24-nji aprelde öňküsinden has ýagty bolar

24-nji aprelde Wenera (Zöhre) öz ýagtylygynyň iň ýokary derejesine ýeter. Live Science-yň maglumatlaryna görä, bu gün Günden ikinji planetanyň görünýän ýyldyz ululygy -4.4 bolar. Indiki gezek planeta şeýle ýagtylygyna 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda ýetip biler
Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi
22.04.2025 11:55
3.2k+

Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär. Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
22.04.2025 10:05
10k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Serdar Berdimuhamedow Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosyna gynanç bildirdi
22.04.2025 10:01
17k+

Serdar Berdimuhamedow Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosyna gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Turkistan Visit Centre” we “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna bardy
22.04.2025 09:53
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Turkistan Visit Centre” we “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna bardy

“Etnoaul” milli-medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk maglumat merkezine bardylar. Syýahatçylyk maglumat merkezinde wekiliýet Baştutanlary Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstanda “Etnoaul” milli-medeni toplumyna baryp gördi
22.04.2025 00:11
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstanda “Etnoaul” milli-medeni toplumyna baryp gördi

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana saparynyň çäklerinde Türküstan şäheriniň “Etnoaul” milli-medeni toplumyna baryp gördi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy we Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi
21.04.2025 23:45
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy we Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystana bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Türküstan şäheriniň Hazret Sultan halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar
Dünýäde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji atom elektrik stansiýasy peýda boldy
21.04.2025 23:17
7.8k+

Dünýäde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji atom elektrik stansiýasy peýda boldy

Kaliforniýada (ABŞ) işläp duran ýeke-täk atom elektrik stansiýasy bolan Diablo Canyon-yň işgärleri tehnologik resminamalary dolandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanyp başladylar. Bu çözgüt stansiýanyň 2029-njy ýylda işden çykarylmagyna taýýarlyk görülýän döwri kabul edildi diýip, «Gizmodo» habar berýär
Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi
21.04.2025 23:14
4.1k+

Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasyna degişli bolan Hyundai Mobis atly awtoulag şaýlaryny öndürijisi akkumulýatorlaryň öýjüginiň tutaşmagyndan bäş minut soň, awtomatiki ýagdaýda ýangynyň öňüni alýan tehnologiýanyň döredilendigini mälim etdi
2025-nji ýylda çykan täze aýdymlaryň tas bäşden biri EA tarapyndan döredildi – statistika
21.04.2025 23:11
3.1k+

2025-nji ýylda çykan täze aýdymlaryň tas bäşden biri EA tarapyndan döredildi – statistika

Deezer aýdym-saz striming hyzmatynyň soňky geçiren gözlegine görä, 2025-nji ýylda häzirki wagta çenli platformalara ýüklenen ähli täze aýdymlaryň 18%-i dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilen. Bu görkeziji emeli aň tehnologiýasynyň aýdym-saz pudagynda barha köp ulanylýandygyny tassyklaýar
Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi
21.04.2025 23:07
7.4k+

Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi

Rolls-Royce özüniň ýokary derejeli aksessuarlar hataryny täze küşt toplumy bilen giňeldýär. Bu toplum diňe brendiň resmi awtosalonlarynda we «Private Office» atly butiklerde satylýar. Keramika bilen örtülen alýumin we agaç şpon ýaly iň aňrybaş materiallardan taýýarlanan toplum küşt oýny bilen Rolls-Royce-yň özboluşly awtoulag estetikasyny özünde jemleýär diýip, «Carscoops» ýazýar
“Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” ady bilen täze serial düşüriler
21.04.2025 20:56
1.5k+

“Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” ady bilen täze serial düşüriler

Tokioda geçirilen “Ýyldyz söweşleri: Baýram etmek” festiwalynda Lucasfilm kinokompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” (Девятый джедай) ady bilen täze serialyň düşüriljekdigini habar berdi. Taslama režissýor Kendzi Kýama tarapyndan düşürilen “Ýyldyz söweşleri: Görüş” (Звездные войны: Видения) animasion şüweleňiniň spin-off-y bolar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.