Keniýalylar Boston marafonynda ýeňiji boldy: biri ýaryşyň başynda ýykyldy, beýlekisi rekord goýdy

22.04.2025, 09:554,344
1 / 2

Bostonda hasap boýunça 129-njy marafon geçirildi. World Maratfon Majors seriýasyna girýän bu marafon dünýäde iň gadymy marafon bolup, ol 1897-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Zenanlaryň arasynda 31 ýaşly keniýaly Şaron Lokedi ýeňiş gazandy. Ol 42,2 km aralygy 2 sagat 17 minut 22 sekuntda geçip, bu ýolda täze rekord goýdy. Öňki rekord – 2:19.59 – efiopiýaly Buzuneş Debe degişlidi we ol 2014-nji ýyldan bäri saklandy.
Erkekleriň arasynda birinji bolup pellehana Keniýadan türgen Jon Korir geldi. Onuň wagty 2:04.45 bolup, bu Boston marafonynyň taryhynda ikinji görkezijidir. Ondan tiz diňe keniýaly Jeffri Mutai ylgapdy, ol 2011-nji ýylda 2:03.03 netijäni görkezdi.
Ýaryşyň başynda Jon Korir ýykyldy, ýöne yza galyşyny tiz gysgaldyp, ýeňiş üçin göreşe gaýdyp geldi.
Belli bolşy ýaly, onuň dogany – Uesli Korir hem marafonçy. Ol 2012-nji ýylda Boston marafonynda ýeňiji boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.