"Türkmenistan" awiakompaniýasy 1-nji maýdan Moskwa we Kazana gatnawlaryny dikeldýär

23.04.2025, 07:2413,583

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabatdan Moskwa we Kazan ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny täzeden dikeldýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Uçuşlar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Täzeden dikeldilýän ugurlar boýunça biletleriň satuwy eýýäm başlandy. Biletleri awiakassalardan satyn almak mümkin diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.