Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
20.04.2025 21:54
3.2k+
Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy
Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi
20.04.2025 21:53
7.6k+
1872-nji ýyldan bäri işleýän iň gadymy üç Michelin ýyldyzly restoran bir ýyldyzyny ýitirdi
Wonna kommunasynda ýerleşýän Georges Blanc restorany üç Michelin ýyldyzynyň birini ýitirdi. Ol 1981-nji ýyldan bäri iň ýokary bahany saklaýardy. Bu maglumaty CNN-e Michelin Guide-iň we restoranyň wekilleri tassyklady
20.04.2025 21:51
3.2k+
Ilkinji gezek 40 alym zenanyň ady Eýfel diňinde ebedileşdiriler
Eýfel diňinde ilkinji gezek 40 alym zenanyň adyny oýup ýazmak meýilleşdirilýär. Mundan öň ýadygärlikde hormat bilen ýatlananlar diňe erkeklerdi. Parižiň häkimi Ann Idalgo, SETE kompaniýasy we Femmes & Sciences assosiasiýasy bu başlangyjy goldady
20.04.2025 20:13
7.3k+
1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy
Mercedes-Benz kompaniýasy «Stronger Than The 1980s» (1980-nji ýyllardanam güýçli) atly çäkli nusgada çykaryljak G-Class modelini hödürledi. Bu model 1979-njy ýylda öndürilip başlanan taryhy «W460» ulagyndan ylham alnyp taýýarlanyldy
20.04.2025 19:13
2.7k+
Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy
Kia kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) awtosalonda täze elektrosedany «EV4-iň» global görnüşini hödürledi. Bu dört gapyly model «Tesla Model 3» bilen bäsleşmek üçin ýörite taýýarlanyldy. «EV4-iň» dizaýny Kia-nyň «EV6» we «EV9» modellerine meňzeýär, ýöne bu model has sport äheňde işlenip düzülipdir
20.04.2025 19:11
2.3k+
Ilkinji eplenýän displeýli elektron kitap tanyşdyryldy – mooInk V
Taýwanly Readmoo kompaniýasy köpçülikleýin önümçilige taýýar, reňkli E-Ink displeýli ilkinji eplenýän elektron kitap bolan mooInk V-ni tanyşdyrdy. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär. Enjamyň işlenip düzülmegi üçin dokuz ýyl sarp edilipdir
20.04.2025 19:08
2.8k+
Renault we Geely içinden ýandyrylýan hereketlendirijini halas etjek uniwersal gibrid moduly teklip etdiler
Renault bilen Geely-niň bilelikdäki kärhanasy bolan Horse Powertrain 2025-nji ýylyň Şanhaý awtoulag sergisinde Future Hybrid Concept modully gibrid hereketlendirijisini hödürledi. Ol elektrokarlary iň ýeňil platforma üýtgemeleri bilen gibrid ulaglara öwürmek üçin niýetlenendir
20.04.2025 19:06
2k+
GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar
General Motors 2022-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen Cadillac Lyriq elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi öňdäki podweskanyň stabilizatorynyň boltlarynyň gowşaklygy bilen bagly
20.04.2025 19:04
4.9k+
Hytaýda 125 million ýyl ozal ýaşap geçen adaty bolmadyk ýelekli dinozawrlaryň galyndylary tapyldy
“Independent” neşiriniň habaryna görä, 125 million ýyl ozal ýaşap geçen iki sany öň mälim bolmadyk ýelekli dinozawryň galyndylary tapyldy diýip, Independent ýazýar. Olara Sinosauropteryx lingyuanensis we Huadanosaurus sinensis diýip at berildi
20.04.2025 18:42
2.1k+
Alymlar ýokary patogenli guş dümewine garşy täsirli nano sanjymyny döretdiler
Amerikaly we kanadaly alymlar ýokary patogenli H5N1 guş dümewine garşy nano-waksinany işläp taýýarladylar. Ýagly nanobölejiklere we keseliň ýokary patogen ştamlarynyň beloklaryna esaslanýan derman syçanlarda üstünlikli synag edildi diýip, Buffalo uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär
20.04.2025 18:38
2.8k+
Curiosity mars roweri Geýl kraterinden karbonatyň iri ýataklaryny tapdy
Curiosity mars roweri Geýl kraterinden karbonat-sideritleriň ägirt uly ýataklaryny tapdy. 12 ýyldan gowrak mundan ozal NASA-nyň dördünji roweri şu ýere gonupdy. Täze açyş Marsyň asyl atmosferasynyň ep-esli böleginiň bu minerallaryň ýataklaryna öwrülendigini görkezýär diýip, Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
20.04.2025 18:25
3.7k+
Singapurda ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar
Singapurly alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegiň usulyny işläp düzdüler diýip, «Interested Engineering» habar berýär. Bu usul suwuklygyň birmeňzeş tizlikde we şol bir ugra tarap turba boýunça hereket edýän mahaly ýüze çykýan porşen akymy täsirinden peýdalanýar
20.04.2025 18:13
6.1k+
Magtymguly adyndaky TDU okuwa girmek isleýänleri “Açyk gapylar” gününe çagyrýar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini “Açyk gapylar” gününe çagyrýar
20.04.2025 17:57
2.1k+
Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady
Mercedes-Benz kompaniýasy Raştatt şäherindäki (Germaniýa) zawodynda täze elektrikli «CLA» modeliniň köpçülikleýin önümçiligine meýilleşdirilen senesinden öň başlady. Ilkinji meýilnama görä, satuwlar iýun aýynda başlanmalydy, ýöne sargytlary kabul etmek garaşylmadyk ýagdaýda 29-njy aprele geçirildi
20.04.2025 17:52
1.2k+
Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär
Hytaýyň Huawei tehnoägirdi bilen SAIC awtokonserni hyzmatdaşlykda Shangjie atly täze elektromobil brendiniň döredilýändigini yglan etdiler. Bu brendiň ilkinji awtoulagy 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykar. Bu barada Huawei Consumer Business Group-yň ýolbaşçysy Riçard Ýu Hytaýda geçirilen çäräniň dowamynda habar berdi
20.04.2025 14:46
7.3k+
300 dollara Samsung Galaxy M56 hödürlendi: 6 ýyl täzelenme, inçe korpus, 5000 mA/sag, 45 Wt
Samsung kompaniýasy Galaxy M56 smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Gurluş One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Kompaniýa täze smartfonyň alty ýyl täzelenmesini kepillendirýär. Smartfon durulygy Full HD+ we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan Super AMOLED displeýi bilen enjamlaşdyryldy
20.04.2025 14:42
2.7k+
Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy
2025-nji ýylyň Porsche 911 GT3 ulagy mehaniki hereket gutusy bolan köpçülikleýin awtomobiller üçin Nýurburgring ýolunda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ulagy Porsche-niň zawod ýaryşa gatnaşyjysy Ýorg Bergmaýster dolandyrdy
20.04.2025 14:37
5.5k+
Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär
Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder
20.04.2025 14:34
4.9k+
Alymlar: Gün ýokary işjeňligiň 50 ýyllyk döwrüne girýär
Gün ýokary işjeňligiň täze döwrüne geçdi we bu, amerikan alymlarynyň maglumatlaryna görä, ýarym asyr töweregi dowam edip biler. Bu Gün tupanlaryny güýçlendirýän seýrek döwür bilen baglanyşykly diýip, ABŞ-nyň Milli atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) hünärmenleri habar berýär
20.04.2025 14:27
5.5k+
Lexus global premýerasyndan öň täze ES sedanynyň tizerini hödürledi
Lexus täze nesil ES sedanynyň tizerini hödürledi. Modeliň global premýerasy 23-nji aprelde Şanhaýdaky awtosalonda bolar. Täze ulag “global flagman” hökmünde görkezilýär we şu ýyl Hytaýyň, Ýewropanyň we ABŞ-nyň bazaryna çykar
20.04.2025 14:19
3k+
Sian şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde medeni çäreler guraldy
Hytaýda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konsert zalynyň eýwanynda türkmen artistleriniň wekiliýeti Türkmenistan barada fotosurat sergisini gurady
20.04.2025 14:07
3.2k+
Hennessey iň güýçli benzinli giperkary hödürledi: 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär
ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýän Hennessey kompaniýasy köpçülikleýin ýollarda sürmek üçin niýetlenen dünýäniň iň güýçli benzinli awtoulagyny – «Venom F5 Evolution» modelini hödürledi. Kämilleşdirilen «ýyrtyjy» 6,6 litrlik twin-turbo V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan
20.04.2025 14:05
1.3k+
OpenAI kompaniýasy 3 mlrd dollara Windsurf startapyny satyn almak üçin taýynlyk görýär
OpenAI kompaniýasy Windsurf atly startapy satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Şertnamanyň bahasy, takmynan, 3 milliard dollar bolar diýip garaşylýar we bu ChatGPT-niň işläp düzüjisi üçin taryhyndaky iň uly geleşik bolup biler
20.04.2025 10:51
5.9k+
ChatGPT-niň özüni nähili keşpde “göz öňüne getirýändigi” anyklanyldy
Mart aýynyň ahyrynda OpenAI şekil emele getirmek funksiýasyny hödürledi. Şondan soň ulanyjy Deniel Paleka ChatGPT-niň özüni nähili şekillendirýändigini barlamak kararyna geldi. Ol soragyň we çeper stiliň dürli hili berlendigine garamazdan, netijäniň meňzeş bolýandygyna üns berdi
20.04.2025 10:47
4.4k+
Orbitada kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi
Ýere golaý pes orbitada (160 – 2000 km) kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi. Bu mesele uçurylýan hemralaryň sanynyň artmagy bilen ýitileşýär diýip, Ýewropa Kosmos agentliginiň (ESA) ýyllyk hasabatyna salgylanyp, New Atlas ýazýar
20.04.2025 10:40
6.2k+
29 müň 800 dollardan Volkswagen Passat 2025 tanyşdyryldy
Volkswagen 2025-nji ýylyň «Passat PHEV» modelini tanyşdyrdy. Täze model Hytaýda bahasy, takmynan, 29 müň 800 dollardan başlaýan 430PHEV Hybrid Business Edition atly toplum bilen hödürlenýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär
19.04.2025 23:05
7.5k+
Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi
19.04.2025 23:01
5.4k+
Pekinde gumanoid robotlaryň we adamlaryň arasynda taryhda ilkinji ýarym marafon geçirildi
Hytaýda adamlar bilen deň derejede gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirildi. Bu barada The Global Times neşiri habar berýär. Pekindäki ylgaw ýaryşy 12 müň adamy we 20 gumanoid roboty jemledi, olar 21 km aralygy geçdi
19.04.2025 22:50
9.3k+
Jeýk Pol öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçi bilen söweşer
28-nji iýunda ABŞ-nyň Anaheým şäherinde meşhur bloger Jeýk Pol bilen öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçiniň arasynda boks söweşi geçiriler. Bu barada DAZN teleýaýlymy habar berdi. 2024-nji ýylyň noýabrynda geçen soňky söweşinde Jeýk Pol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen 58 ýaşly Maýk Taýsondan üstün çykypdy
19.04.2025 21:07
8k+
Günorta afrikaly türgen Akani Simbine Useýn Boltuň rekordyny täzeledi
Günorta afrikaly ýeňil atletikaçy Akani Simbine yzygiderli 11 möwsümiň dowamynda 100 metr aralygy 10 sekuntdan hem az wagtda ylgap geçmek bilen, rekord goýdy diýip, Track & Field Gazette habar berýär. Türgen on möwsümiň dowamynda şeýle tizligi görkezmegi başaran ýamaýkaly meşhur ylgawçy Useýn Boltuň netijesinden hem öňe geçdi
19.04.2025 20:14
22k+
Messi geljegi uly 10 futbolçyny atlandyryp, olara aýratyn butsylary sowgat etdi
Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar. “Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe
19.04.2025 20:10
5.4k+
Jennifer Lopez Netflix-de Robert Zemekisiň trillerinde hilegäriň keşbini oýnar
Jennifer Lopez režissýor Robert Zemekisiň “Iň soňky hanym Perriş” (Последняя миссис Пэрриш) trillerinde baş keşbi ýerine ýetirer. Film Netflix akym hyzmatynda çykar diýip, Deadline habar berýär. Film Liw Konstantiniň 2017-nji ýylda çap edilen adybir romanyna esaslanýar
19.04.2025 18:32
4.5k+
ABŞ-nyň kazyýeti Google-y onlaýn mahabatda monopoliýalykda aýyplap, Ad Manager hyzmatyny satmagy talap etdi
ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Aleksandriýa şäherindäki federal kazyýet Google-y onlaýn mahabat tehnologiýalary bazarynda monopoliýa diýip ykrar etdi. Bu karar ABŞ-nyň hökümetine Google kompaniýasyna degişli Google Ad Manager hyzmatyny satdyrmak ugrunda çäre görmäge mümkinçilik berýär diýip, «Reuters» neşiri habar berýär
19.04.2025 18:25
4.4k+
Xiaomi mör-möjeklere garşy göreşýän täze pylesos çykardy
Xiaomi kompaniýasy Mijia Dust Mite Vacuum Cleaner 2 Pro atly täze tozan sorujyny hödürledi. Bu enjam diňe düşek, mebel we ýorgan-düşekleri arassalamak bilen çäklenmän, eýsem mör-möjeklere garşy hem göreşýär diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär
19.04.2025 18:17
11k+
Alymlar Ýerden daşarda ýaşaýşyň «iň güýçli» subutnamasyny tapdylar
Kembrij uniwersitetiniň alymlary Eset ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän K2-18b ekzoplanetasynyň atmosferasynda iki sany organiki birleşmäniň – dimetilsulfidiň we dimetildisulfidiň bardygyny ýüze çykardylar. Bu başga planetalarda hem ýaşaýşyň mümkindigini görkezýän iň güýçli subutnama hasap edilýär
19.04.2025 18:06
3.1k+
Tesla ilkinji robotaksisi bolan Cybercab-yň dizaýnyny Ýewropada patentledi
Tesla kompaniýasy «Cybercab» sürüjisiz elektromobilini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça ilkinji resmi ädimini ätdi. Ýewropanyň patent edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9-njy aprelinde bu modeliň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutulypdyr
19.04.2025 18:01
5k+
Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi
Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar
19.04.2025 17:54
2.6k+
NASA-nyň barlaglary Aýda suwuň Gün ýeli netijesinde dörändigini görkezdi
NASA-nyň alymlary Aýda suwuň Gün ýeliniň täsiri netijesinde emele gelýändigini anykladylar. Aý tozany bilen geçirilen synag Ýeriň tebigy hemrasynda suwuň gelip çykyşyny düşündirýän teoriýany tassyklady. Aý atmosferasyz gurak kosmiki jisim, ýöne onuň üstündäki suw yzlary alymlary köpden bäri alada goýýar
19.04.2025 17:48
7.3k+
Rumyniýada daklara degişli hazynaly hum tapyldy
Mureş uýezdinde ýerleşýän Brýaza rumyn kommunasyndan iki höwesjeň demir gözleýji detektory ulanyp, gadymy frakiýa taýpalaryna – daklara degişli hazyna tapdy. Arkeonews neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndynyň düzümine alty sany şaý-sep girýär
19.04.2025 17:42
2.8k+
ESA Hera zondunyň Marsa ýakynlaşýan wideosyny çap etdi
Ýewropa kosmos agentligi (ESA) 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Marsyň golaýynda grawitasiýa manýowryny eden wagtynda Hera zondunyň düşüren suratlaryndan döredilen wideony ýaýratdy. Wideoda apparatyň Gyzyl Planeta ýakynlaşýandygy görkezilýär
«
1
…
296
297
298
…
1118
»
«
1
…
293
294
295
296
297
298
299
300
301
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.