Jeýk Pol öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçi bilen söweşer

19.04.2025, 22:509,362

28-nji iýunda ABŞ-nyň Anaheým şäherinde meşhur bloger Jeýk Pol bilen öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçiniň arasynda boks söweşi geçiriler. Bu barada DAZN teleýaýlymy habar berdi.

2024-nji ýylyň noýabrynda geçen soňky söweşinde Jeýk Pol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen 58 ýaşly Maýk Taýsondan üstün çykypdy.
Hulio Sezar Çawes-kiçi geçen ýylyň iýulynda bolan soňky söweşinde UFC-niň öňki söweşijisi Ýuraýa Holl bilen duşuşdy. Söweş alty raunddan soň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Çawesiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.