ABŞ-nyň kazyýeti Google-y onlaýn mahabatda monopoliýalykda aýyplap, Ad Manager hyzmatyny satmagy talap etdi

19.04.2025, 18:324,523

ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Aleksandriýa şäherindäki federal kazyýet Google-y onlaýn mahabat tehnologiýalary bazarynda monopoliýa diýip ykrar etdi. Bu karar ABŞ-nyň hökümetine Google kompaniýasyna degişli Google Ad Manager hyzmatyny satdyrmak ugrunda çäre görmäge mümkinçilik berýär diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Kazy Leoni Brinkema kompaniýanyň iki bazar pudagyna - neşir edijileriň bildiriş serwerlerine we mahabat berijileriň mahabat torlaryna bikanun agalyk edýändigini anyklady.
Google-a garşy şikaýaty ABŞ-nyň Adalat ministrligi bilen 17 ştat bilelikde berdi. Bu kazyýet işi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy. Şikaýatçylaryň bellemegine görä, Google bazardaky ýagdaýyndan peýdalanyp, mahabat biržalarynyň gözegçiligini öz eline almaga çalşypdyr we monopoliýa garşy kanunçylygy bozupdyr. Kazy şikaýatçylaryň delilleri bilen ylalaşdy.

2024-nji ýylyň awgust aýynda-da federal kazyýet Google kompaniýasyny monopoliýa hökmünde ykrar edipdi.
2025-nji ýylyň aprel aýynda Waşingtonda kompaniýa garşy ýene bir kazyýet işi başlanar. Ol ýerde ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň Chrome brauzeri bilen baglanyşykly Google-yň käbir iş böleklerini satmak baradaky talabyna serediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.