Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
11.12.2025 16:32
9.1k+
Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
11.12.2025 16:20
4.3k+
Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi
11.12.2025 16:08
8.4k+
Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň altynjy oýunlarynyň netijeleri boýunça, üç futbol kluby – «Pari Sen-Žermen», «Mançester Siti» we «Atalanta» pleý-offa çykmagyny kepillendirdi. Ozal pleý-offa göni ýollamany «Arsenal» we «Bawariýa» alypdy
11.12.2025 10:19
3.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär
11.12.2025 10:16
4.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy
10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
11.12.2025 10:03
5.7k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder
11.12.2025 09:42
6.1k+
1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy
Ýerde häli-häzire çenli hasaba alnan iň gaty ses 1883-nji ýylda Indoneziýada Krakatau wulkan adasynyň atylmagy boldy. Partlama 3 müň kilometrden gowrak aralykda eşidildi we dünýädäki barometrler onuň planetany ýedi gezek aýlanan zarba tolkunyny hasaba aldy diýip, Live Science neşiri ýazýar
11.12.2025 09:40
2.5k+
Netflix Zoluşkanyň «rehimsiz» öweý uýalary barada multfilm düşürer
Netflix striming hyzmaty Zoluşkanyň öweý uýalarynyň hekaýasyny täze bir tarapdan görkezjek Steps animasion filminiň üstünde işleýändigini habar berdi. Sýužet boýunça, adatça, rehimsiz hasaplanýan gahrymanlar başga keşpde suratlandyrylar
11.12.2025 09:39
2.4k+
Midea dünýäde ilkinji alty elli gumanoid roboty hödürledi
Hytaýyň Midea kompaniýasy resmi taýdan täze nesil Miro U gumanoid robotyny hödürledi. Bu alty mehaniki eli we tigirli aýaklary bolan dünýäde ilkinji gumanoid bolar. Robot çylşyrymly senagat meselelerini çözmek we önümçiligi awtomatizirlemek üçin döredildi
11.12.2025 09:36
1.3k+
SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr
11.12.2025 09:33
2.6k+
Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy
Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy
11.12.2025 09:32
2k+
NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar
11.12.2025 09:30
3.7k+
“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy
“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen we “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Maklarenden” täze çempion Lando Norrisiň titul üçin uly bonus alandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtinginde ilkinji iki orny eýeledi
10.12.2025 16:47
16k+
Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer
10.12.2025 15:46
4.2k+
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň artisti adyny Di Kaprio berdi
Amerikan aktýory Leonardo Di Kaprio «Time» žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň artisti diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň resmi saýtynda habar berilýär. Žurnalyň wekilleri 30 ýyldan gowrak işiniň dowamynda Di Kaprionyň «köpleriň gözi gitjek ajaýyp karýerany» gurandygyny belleýär
10.12.2025 15:41
3.2k+
«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy
2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär
10.12.2025 15:38
4k+
AUDI Hytaýda halkasyz E7X krossowerini görkezdi
Audi awtoöndürijisi SAIC konserni bilen hyzmatdaşlykda hytaý bazary üçin döredilen E7X krossoweriniň önümçilik wersiýasynyň suratyny görkezdi. E7X modeli täze AUDI markasynyň nemes brendi üçin adaty dört halkaly logotipi bolmadyk ikinji krossoweri boldy
10.12.2025 12:13
9.3k+
"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy
10.12.2025 12:07
6k+
Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy
Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr
10.12.2025 12:02
6.4k+
Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi
Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir
10.12.2025 11:56
2.1k+
“Gara eşikli adamlar” franşizasynyň bäşinji filmi çykar
“Gara eşikli adamlar” (Men in Black) franşizasynyň dowamy çykar. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, Sony Pictures kinokompaniýasy bäşinji filmiň eýýäm işjeň ýagdaýda işlenilip düzülýändigini resmi taýdan tassyklady
10.12.2025 11:51
8.1k+
Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy
M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler
10.12.2025 11:42
3.1k+
Ford Mustang güýji 800 at güýjüne çenli artdyrylan zawod týuning bukjasyny alar
Ford amerikan awtoulag öndürijisi hereketlendirijiniň güýjüni ep-esli artdyrjak meşhur Mustang modeli üçin zawod týuning (bezeg) bukjasyny yglan etdi. Çaklamalara görä, täze elementler bilen bäş litrlik V8 hereketlendirijisiniň kuwwaty azyndan 300 at güýç artdyrylyp, 800 at güýjüne çenli ýeter diýip, Carscoops habar berýär
10.12.2025 11:36
2.3k+
Braziliýa denge keseline garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinany döretdi
Braziliýa denge gyzzyrmasyna garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinanyň synaglaryny üstünlikli tamamlap, ony ibermek üçin taýýarlady. Bu derman gaýtadan goýberilmegi talap etmeýär we iň ejiz ýurtlara eltip bermek üçin niýetlenendir diýip, Rio-de-Žaneýro Federal uniwersitetiniň (UFRJ) rektory Robertu Medronýua salgylanýan TASS habar berýär
10.12.2025 11:31
1.4k+
Telegram akkaunta Passkey arkaly girmek mümkinçiligini döretdi
Telegram messenjeri akkaunta girmegiň täze usulyny girizdi: indi muny giriş açarynyň (Passkey) kömegi bilen amala aşyryp bolýar diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär. Täze funksiýanyň netijesinde ulanyjylara akkaunta girende SMS koduny ýa-da paroly ulanmak gerek däl
10.12.2025 11:30
3.5k+
Tom Holland bilen «Möý adam 4» filmi düşürilip tamamlandy
Piter Parkeriň başdangeçirmeleriniň nobatdaky bölümini – «Möý adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) kinokomiksini düşürmek işleri tamamlandy. Filmiň kinoteatrlarda premýerasy 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna meýilleşdirilýär diýip, Screen Rent neşiri habar berýär
10.12.2025 11:19
812
«Wikipedia» ulanyjylar üçin «Ýylyň jemi» funksiýasyny işe girizdi
«Wikipedia» ulanyjylara bir ýylyň dowamyndaky işjeňliginiň statistikasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän «Ýylyň jemi» (End-of-Year Recap) funksiýasyny işe girizdi. Bu gural görlen makalalaryň sanyny, has gyzyklanma bildirilen mowzuklary we ulanyjynyň okaýyş üçin sarp eden umumy wagtyny görkezýär
10.12.2025 11:14
3k+
Aşgabatda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
10.12.2025 11:11
12k+
Türkmenistanda ýarganatlaryň soňky gezek 55 ýyl mundan ozal göze ilen seýrek görnüşi tapyldy
Germaniýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekillerinden ybarat halkara alymlar topary Berliniň Tebigaty öwreniş muzeýiniň (Museum für Naturkunde Berlin) ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garagum sährasynda 50 ýyldan gowrak wagt bäri gabat gelmedik jandar — uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň (Plecotus turkmenicus) ýaşaýandygyny anyklady
10.12.2025 11:00
4.9k+
«Awataryň» üçünji bölümini döretmek üçin $400 mln sarp edildi
Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) filminiň önümçilik býujeti, bilermenleriň hasaplamalary boýunça, azyndan 400 million ABŞ dollaryna barabar. Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle mukdar blokbasteriň dowamynyň bahasy bilen deňleşýär
10.12.2025 10:57
12k+
Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy
10.12.2025 10:49
3.8k+
Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar
Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar
10.12.2025 10:44
1k+
Latwiýanyň täze ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýanyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ilçi diplomatik işini Daşkent şäherinde oturýan ýerinden alyp barar
10.12.2025 10:38
6.8k+
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana sapar bilen geler
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana saparlary amala aşyrar. Eýranyň MNA agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagai aýtdy
10.12.2025 10:31
3.4k+
Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy
Awazada küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry tamamlandy. Oňa 138 adam gatnaşdy. Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi
10.12.2025 10:07
2k+
Kazyýet Google-a kompaniýalar bilen gözlegi awtomatik ulanmak barada köpýyllyk şertnama baglaşmagy gadagan etdi
ABŞ-da kazyýet Google-y öz gözleg ulgamynyň ýa-da emeli aň hyzmatlarynyň smartfonlarda we beýleki enjamlarda awtomatik ulanylmagy baradaky hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň şertlerine her ýyl gaýtadan garamaga borçlandyrdy
10.12.2025 10:00
2.2k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk günlerinde şowhunly çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 11-nji dekabrda sagat 19:00-da we 14
10.12.2025 09:53
6k+
7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda planetalaryň ýörişi bolar: Gün, Wenera we Mars bir hatara diýen ýaly düzüler, olaryň arasyndaky burç aralygy bolsa bir gradusa çenli azalar. Bu astronomik hadysanyň indiki gezek diňe XXIII asyrda gaýtalanmagyna garaşylýar diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi
10.12.2025 09:44
2.5k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler
Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir
10.12.2025 09:30
208k+
“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär
Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň
«
1
…
144
145
146
…
1118
»
«
1
…
141
142
143
144
145
146
147
148
149
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.