Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy

10.12.2025, 11:4716,049

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy.

«Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer. Olar sekiz ýa-da dokuz çempionlyk söweşini geçirer. Bu häzire çenli iň uly söweşler bolar. Olaryň ählisi titul söweşleri bolar. Häzirki wagtda tutluşyklaryň käbirini hut 14-nji iýunda geçirer ýaly ýarym ýyl yza süýşürmäge çalyşýarlar. Bu örän ajaýyp bolar» – diýip, X sosial ulgamynda Home of Fight akkaunty Trampyň sözlerini getirýär.

Prezidentiň aýtmagyna görä, meýdança bäş ýa-da alty müň orunlyk bolar we göni Ak tamyň garşysynda ýerleşer. Şeýle-de, ýüzlerçe müň tomaşaçy söweşleri rezidensiýanyň arkasynda gurnaljak on sany uly ekranda görüp biler.
Ozal promouşeniň başlygy Dana Uaýt Waşingtondaky ýaryş üçin söweşijileri saýlamak işiniň fewraldan ýa-da martdan ir başlamajakdygyny aýtdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.