Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
16.09.2025 20:07
6.9k+
Los-Anjelesde 15 mln dollara Dewid Linçiň öýi satylýar
Los-Anjelesde amerikaly kinorežissýor Dewid Linçe degişli bolan üç jaýdan ybarat toplum satuw çykaryldy. Ol bu ýerde 35 ýyl ýaşap, “Malholland draýw” (Малхолланд драйв) we “Ýitirilen ýol” (Шоссе в никуда) ýaly filmlerini döretdi
16.09.2025 20:04
1.6k+
Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy
Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar
16.09.2025 20:02
6.5k+
Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi
The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy. 14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy
16.09.2025 19:57
7.7k+
Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy
Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy
16.09.2025 19:16
7.9k+
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy
Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy
16.09.2025 19:09
9.1k+
Koreýanyň ilçihanasy türkmen raýatlary üçin talyp hakly maksatnamasyny yglan etdi
Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Bilim instituty ýokary bilim almak üçin döwlet talyp hakly maksatnamasyna (GKS) arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ilçihana arkaly bakalawr maksatnamasyna iki orun berilýär
16.09.2025 19:02
2.1k+
Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň 11-nji mejlisi geçirilýär
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
16.09.2025 18:56
1.5k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bahreýniň täze ilçisini kabul etdi
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
16.09.2025 18:49
5.6k+
Rustam Minnihanow Tatarystanyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanyldy
Tatarystanyň häzirki Baştutany Rustam Minnihanow saýlawlarda 88,09% ses alyp ýeňiş gazandy. Bu barada Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy protokollar 100% işlenip taýýarlanylmagynyň netijeleri boýunça habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar
16.09.2025 18:33
3.9k+
Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler
Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer
16.09.2025 18:27
2.9k+
“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady
“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последние обряды) elhençlik filminiň kassa ýygymy iki hepde prokatyň dowamynda bütin dünýäde 330 mln dollardan geçdi. Bu barada Variety ýazýar. Ikinji dynç günleriniň jemi boýunça, film ABŞ-da 131 mln dollar ýygnap, kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi
16.09.2025 18:23
4.8k+
Balkanabatda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi
14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda “Kitap – ýeňşiň açary” ady bilen kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy diýip, guramaçylar habar berdi
16.09.2025 14:43
10k+
Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy
“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy. “Kriştianu Ronaldu, “Al-Nasryň” kapitany 2024/2025 möwsüminiň “Altyn butsy” baýragyny aldy – yzygider ikinji gezek
16.09.2025 14:42
2.2k+
Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy
Režissýor Hloýa Çžaonyň “Hamnet” dramasy Torontodaky 50-nji halkara kinofestiwalynda baş baýragyň – tomaşaçylaryň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Film ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda çykan adybir romanyna esaslanýar
16.09.2025 13:50
4.8k+
Team Falcons topary Dota 2 boýunça ýaryşda ýeňiji bolup, $1 mln gazandy
Team Falcons topary Dota 2 oýny boýunça The International 2025 ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýaryş Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirildi. Grand-finalda topar bäş kartanyň netijesi boýunça Xtreme Gaming hytaý toparyny 3:2 hasabynda utdy
16.09.2025 13:25
2.1k+
Ýene 28 günden Windows 10-nyň goldawy tamamlanýar. Microsoft soňky duýduryşy berýär
Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamyna goldawyň ýene 28 günden tamamlanjakdygy barada duýduryş berdi. Bu Windows 10 2015 LTSB we Windows 10 IoT Enterprise LTSB 2015 wersiýalaryna hem degişlidir. 14-nji oktýabrdan soň ulanyjylar soňraky howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almazlar
16.09.2025 12:21
1.8k+
OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar
ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar. Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär
16.09.2025 12:16
5.8k+
Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy
15-nji sentýabrda Tokiodaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis karýerasynda nobatdaky, eýýäm 14-nji dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,30 m beýiklikden geçdi. Şonuň bilen türgen awgustda Budapeştdäki “Memorial Iştwan Dýulaý” ýaryşynda goýan öňki rekordyny (6,29 m) täzeledi
16.09.2025 11:59
6.4k+
Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy
15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi
16.09.2025 11:55
5.6k+
Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy
14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy
16.09.2025 11:50
1.9k+
Alphabet bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy
15-nji sentýabrda Google-a eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasy bahasyny 4% ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, ol dünýäde bazar bahasy 3 trln dollardan geçýän dördünji kompaniýa boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bazar bahasy 3,04 trln dollara ýetdi
16.09.2025 11:43
2.5k+
Apple iOS 26-ny çykardy: haýsy iPhone-lar täzelenmäni alyp biler?
Apple kompaniýasy iPhone üçin täze iOS 26 operasion ulgamyny çykardy. Täzelenmäni 30 töweregi model aldy, ýöne iPhone XS, iPhone XS Max we iPhone XR smartfonlary iOS 18-de galar. Kompaniýa täzelenmäni birbada gurnamak başartmasa, munuň serwerlere agram düşmegi bilen baglanyşyklydygyny we soňrak synanyşyp görmelidigini duýdurdy
16.09.2025 11:27
7.2k+
ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy
ABŞ we Hytaý TikTok sosial ulgamynyň satuw şertleri barada çarçuwaly ylalaşyk gazandy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent aýtdy diýip, Reuters habar berýär. Bessent şertnama barada heniz giňişleýin maglumatlaryň ýokdugyny we olaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 19-njy sentýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy wagtynda yglan ediljekdigini belledi
16.09.2025 11:24
1.7k+
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 10,4 mln dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen
16.09.2025 10:28
1.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
15.09.2025 23:20
8.5k+
0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi
Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi. Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi
15.09.2025 23:10
5k+
Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy
Wengriýada figuralaýyn typmak boýunça çempion Ester Sombatheýi konkide towsulýan ýüpden bökmek boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol bir minutda 136 gezek bökmegi başardy. Bu synanyşyk ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň San-Walli şäherindäki typylýan meýdançada geçirildi
15.09.2025 21:59
21k+
Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady
Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze Yutong ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Kondisioner ulgamy bolan 12 metrlik üç gapyly ulag serişdeleri paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara kadaly hyzmat etmäge girişdiler
15.09.2025 18:46
26k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär
15.09.2025 18:02
5.7k+
Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar
Maks Plankyň astronomiýa institutynyň (MPIA) astronomlary irki Älemde "gara ýyldyzlar" diýilýänleriň bardygynyň alamatlaryny habar berdiler. Bu obýektler käbir gadymy galaktikalaryň adatdan daşary uly massasyny we gara girdaplaryň çalt ösüşini düşündirip bilerdi
15.09.2025 17:55
4.5k+
Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy
Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler
15.09.2025 17:46
4.8k+
Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar
Nýurburgring ýolunda 2010-2012-nji ýyllarda öndürilen LFA modeliniň mirasdüşeri boljak Lexus LFR superkarynyň prototipleri göze ildi. Autoevolution-yň berýän maglumatyna görä, synaglara dürli aerodinamiki elementleri bolan LFR-iň üç wersiýasy gatnaşdy: biri uly antikryloly, beýlekisi kiçeňräk spoýlerli we üçünjisi goşmaça böleksiz
15.09.2025 17:42
6.5k+
Türkmenistanda okuwçylar üçin koreý we ýapon dilleri boýunça okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriniň 9-njy synplary üçin iki sany täze — «Koreý dili» we «Ýapon dili» okuw kitaplary neşir edildi. Bu işe daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde badalga berildi diýip, Bilim ministrliginde habar berdiler
15.09.2025 17:35
2.7k+
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Astanada halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar
9–12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Astana şäherinde boldy. Saparyň
15.09.2025 17:05
4.3k+
Apple täze iPhone smartfonlaryny bejermegiň bahasyny aýtdy
Apple resmi hyzmat merkezlerinde täze iPhone modellerini bejeriş işiniň bahasyny mälim etdi. Garaşylyşy ýaly, hyzmatyň bahalary arzan däl. Smartfonlaryň ähli şaýlary üçin diýen ýaly çalyşmagyň bahasy ýokarlandy
15.09.2025 16:58
12k+
BMW duýdansyz ýagdaýda öz firma nyşanynyň dizaýnyny täzeledi
BMW kompaniýasy resmi yglan etmezden, öz belli nyşanyny täzeledi. Premýera Mýunhendäki IAA Mobility 2025 awtosalonynda boldy. Ol geljekki Neue Klasse hatarynyň stilini görkezýän täze iX3 elektrik krossoweri bilen bir wagtda görkezildi diýip, Carscoops habar berýär
15.09.2025 16:55
7.9k+
Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln
Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär
15.09.2025 16:51
1.9k+
Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy
Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär. Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy
15.09.2025 16:40
11k+
Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy
Hytaý Szýansu welaýatynyň Çançžou we Taýçžou şäherlerini birleşdirýän dünýäde iň uzyn wantly köpri bolan Çantaýy ulanylyşa girizdi. Desganyň uzynlygy 10,3 km barabar. Merkezi aralyk bolsa 1208 metr bolup, bu şeýle görnüşli köprüleriň arasynda dünýäde iň ulusy boldy
15.09.2025 16:19
3.5k+
“Kinostudiýa” serialy 13 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy
14-nji sentýabrda Los-Anjelesde 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş darabasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi 13 heýkele mynasyp bolan, şol sanda “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda ýeňiş gazanan “Kinostudiýa” serialy boldy diýip, Variety habar berýär
«
1
…
197
198
199
…
1118
»
«
1
…
194
195
196
197
198
199
200
201
202
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.