Apple täze iPhone smartfonlaryny bejermegiň bahasyny aýtdy

15.09.2025, 17:054,351

Apple resmi hyzmat merkezlerinde täze iPhone modellerini bejeriş işiniň bahasyny mälim etdi.

Garaşylyşy ýaly, hyzmatyň bahalary arzan däl. Smartfonlaryň ähli şaýlary üçin diýen ýaly çalyşmagyň bahasy ýokarlandy.
Aýratynam, täze iPhone Air tapawutlanýar, ony bejermegiň bahasy iPhone 17 Pro-ny bejermek bilen deňdir.

Hyzmat

iPhone 16 - iPhone 16 Pro Max

iPhone 17 - iPhone 17 Pro Max

iPhone Air

Displeý

$279 - $379

$329-$379

$329

Yzky aýna

$159

$159

$159

Displeý we yzky aýna

$369 - $469

$419 - $469

$419

Batareýa

$99 - $119

$99 - $119

$119

Yzky kamera

$169 - $249

$169 - $249

$169

Beýleki

$549 - $749

$599 - $799

$699

Getirilen bahalar Apple-iň ABŞ-daky resmi saýtynda görkezilýär we Apple Care bukjasyny (aýda 10 dollar ýa-da ýylda 100 dollar) almadyk müşderiler üçin kepilliksiz bejerişe degişlidir. Apple Care bolan ýagdaýynda, bejeriş işiniň köp bölegi 30 dollara düşer, ýöne bir kadadan çykma bar: batareýany çalyşmak mugt, käbir ýagdaýlarda bolsa bejeriş işiniň bahasy 100 dollar bolar.
Başga hyzmat merkezlerinde bejeriş işiniň bahalary başgaça bolup biler. Mundan başga-da, Apple özbaşdak bejermek mümkinçiligini hödürledi: ulanyjylar kompaniýanyň saýtynda zerur şaýlary sargyt edip, olary özbaşdak çalşyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.