Apple iOS 26-ny çykardy: haýsy iPhone-lar täzelenmäni alyp biler?

16.09.2025, 11:432,584
1 / 2

Apple kompaniýasy iPhone üçin täze iOS 26 operasion ulgamyny çykardy.

Täzelenmäni 30 töweregi model aldy, ýöne iPhone XS, iPhone XS Max we iPhone XR smartfonlary iOS 18-de galar. Kompaniýa täzelenmäni birbada gurnamak başartmasa, munuň serwerlere agram düşmegi bilen baglanyşyklydygyny we soňrak synanyşyp görmelidigini duýdurdy.
iOS 26-nyň esasy täzeligi Liquid Glass (“suwuk aýna”) atly täzelenen wizual stil boldy. Interfeýs ýarym dury elementlere eýe boldy. Ulanyjylar baş ekranyň has köp funksiýalaryny sazlap, gulplanan ekrandaky düwmeleri üýtgedip, şeýle-de “Kamera” programmasyny aňsat dolandyryp, SMS-de kämilleşdirilen habar süzgüjini ulanyp biler.
iOS 26-ny alan iPhone modelleri:

  • iPhone 17: 17, 17 Air, 17 Pro, 17 Pro Max
  • iPhone 16: 16, 16e, 16 Pro, 16 Pro Max
  • iPhone 15: 15, 15 Plus, 15 Pro, 15 Pro Max
  • iPhone 14: 14, 14 Plus, 14 Pro, 14 Pro Max
  • iPhone 13: 13, 13 mini, 13 Pro, 13 Pro Max
  • iPhone 12: 12, 12 mini, 12 Pro, 12 Pro Max
  • iPhone 11: 11, 11 Pro, 11 Pro Max
  • iPhone SE: ikinji nesil (2020) we üçünji nesil (2022).

iOS-dan başga-da, kompaniýa beýleki enjamlary üçin täzelenme hödürledi: iPadOS, macOS, watchOS, tvOS we visionOS. Ähli ulgamlar 2026-njy ýyla laýyk gelýän 26 indeksini aldy.
Şeýle-de, Apple täzelenen operasion ulgamlarda Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny giňeltdi. Indi ulgam habarlarda we telefon söhbetleri wagtynda göni terjime funksiýasyny goldaýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.