Klublaýyn dünýä çempionatynda klublaryň näçe gazanandygy belli boldy
15.07.2025 10:24
11k+

Klublaýyn dünýä çempionatynda klublaryň näçe gazanandygy belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň jemi boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolan Angliýanyň “Çelsisi” 114,6 mln dollar gazandy. Bu barada Swiss Ramble habar berýär. Topar finalda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyny 3:0 hasabynda utdy
Öňümizdäki dynç günlerinde Usik-Dýubua tutluşygy geçiriler: senesi, wagty, nireden görmeli
15.07.2025 10:18
7.9k+

Öňümizdäki dynç günlerinde Usik-Dýubua tutluşygy geçiriler: senesi, wagty, nireden görmeli

20-nji iýula geçilýän gije Londonda (Beýik Britaniýa) ukrainaly Aleksandr Usik (23-0, 14 KO) bilen britaniýaly Daniel Dýubuanyň arasynda iň agyr agram derejesinde (90,7 kg-dan ýokary) dünýä çempiony diýen ada mynasyp bolmak ugrundaky jogap söweşi geçiriler
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal aldy
14.07.2025 19:31
18k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal aldy

18 ýaşly türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilýän erkin göreş boýunça Aziýanyň ýaşlar çempionatynda 79 kg agram derejede üçünji orny eýeledi
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinň talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler
14.07.2025 19:22
10k+

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinň talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler

6 — 17-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 2 mugallym hem-de 20 talyp Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçýärler
Derrik Lýuis UFC on ESPN 70 agşamynyň esasy söweşinde Teýşeýrany 35 sekuntda nokaut etdi
14.07.2025 19:06
17k+

Derrik Lýuis UFC on ESPN 70 agşamynyň esasy söweşinde Teýşeýrany 35 sekuntda nokaut etdi

13-nji iýulda ABŞ-nyň Neşwil şäherinde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynyň esasy tutluşygynda agyr agramda amerikaly  söweşiji Derrik Lýuis braziliýaly Tallison Teýşeýrony birinji raundda 35-nji sekuntda tehniki nokaut bilen ýeňdi
Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy
14.07.2025 18:27
7k+

Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen ChatGPT bilen bir döw küşt oýnap, ony utdy. Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony emeli aň bilen oýnamakdan alan täsirlerini we ekran suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşdy
“Lilo we Stiç” golliwud filmlerinden ilkinji bolup milliarda has golaýlady
14.07.2025 18:18
3.1k+

“Lilo we Stiç” golliwud filmlerinden ilkinji bolup milliarda has golaýlady

Disney studiýasynyň “Lilo we Stiç” remeýki ýedi hepdäniň dowamynda 994,2 mln dollar ýygnady. Häzirki dinamikany göz öňünde tutsaň, “Lilo we Stiç” Hytaýyň “Neçža 2” animasiýasyndan soň, 1 mlrd dollardan geçjek ilkinji film bolup biler diýip, The Wrap neşiri habar berýär
Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
14.07.2025 18:11
5k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi
Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy
14.07.2025 17:56
2.6k+

Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy

Mazda kompaniýasy CX-5 krossoweriniň üçünji neslini görkezdi. Model ulaldy, täzeden dizaýn edildi we salony täzelendi. 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewropada satylyp başlanar we awtoulag soňra beýleki bazarlarda hem peýda bolar
Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy
14.07.2025 17:24
4.6k+

Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy

5-nji iýunda ilkinji albomyny çykaran we Spotify-da bir million diňlenme gazanan The Velvet Sundown rok toparynyň dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilendigi anyklanyldy. Bu barada The New York Post habar berýär
Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy
14.07.2025 17:12
8.9k+

Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy

Paleontologlar taryhda ilkinji gezek aşgazanynda ösümlik iýmitiniň galyndylary bolan pterozawryň galyndylaryny tapdylar. Bu açyş agzalan uçýan süýrenijileriň käbir görnüşleriniň ot iýiji bolandygynyň ilkinji göni subutnamasydyr
Rimac Nevera tizligi artdyrmakda iň çakgan elektrokar boldy we bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy
14.07.2025 17:05
3.9k+

Rimac Nevera tizligi artdyrmakda iň çakgan elektrokar boldy we bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy

Rimac Nevera R giperkary bir günde 24 sany tizlik rekordyny goýdy, şol sanda noldan sagatda 400 km tizlige çenli çykmakda iň gowy - 25,79 sekunt netijäni görkezdi. Bu barada Horwatiýanyň Rimac kompaniýasy modeliň täze modifikasiýasyny synagdan geçirenden soň habar berdi
“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy
14.07.2025 16:50
4.2k+

“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy haýran galdyryjy wakanyň - iki sany halka şekilli galaktikanyň çaknyşygynyň şekilini düşürdi. Bu takmynan 38 million ýyl ozal, Ýerden milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda bolup geçdi
Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!
14.07.2025 16:45
4.1k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar
Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi
14.07.2025 13:34
15k+

Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady
Koul Palmer Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi
14.07.2025 13:04
8.1k+

Koul Palmer Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň jemi boýunça aýry-aýry nominasiýalarda ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşyň iň gowy oýunçysy “Çelsiniň” angliýaly ýarymgoragçysy Koul Palmer boldy. Ol alty oýna gatnaşyp, üç gol we iki assist bilen tapawutlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi
14.07.2025 12:37
9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi
14.07.2025 11:52
9.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi
Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady
14.07.2025 11:15
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi
Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady
14.07.2025 11:06
4.6k+

Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady

Mirror Me hytaý startapynyň Black Panther II robot iti 13 sekuntda 100 metr aralygy ylgap geçdi. Bu robotlaryň arasynda iň gowy netijedir diýip, South China Morning Post habar berýär. Model sekuntda 9,7 metr tizligi görkezip, sekuntda 8,8 metre çenli tizligini artdyryp bilýän WildCat amerikan robotynyň görkezijilerinden geçdi
Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi
14.07.2025 11:01
4.7k+

Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi

Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar. Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar
“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy
14.07.2025 10:59
3.2k+

“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy

Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi
Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli
14.07.2025 10:58
2k+

Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli

Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir
Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy
14.07.2025 10:56
13k+

Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy

Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi
Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar
14.07.2025 10:46
2.8k+

Renault täze Boreal krossowerini hödürledi. Onuň önümçiligi Türkiýede we Braziliýada ýola goýlar

Renault kompaniýasy täze orta ululykdaky Boreal krossowerini hödürledi. Ol Dacia Bigster modeline esaslanýar. Onuň satuwy ýylyň ahyrynda Ýewropadan daşary 70-den gowrak ýurtda başlar. Önümçilik Braziliýada we Türkiýede ýola goýlar
Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr
14.07.2025 10:44
3k+

Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr

Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary çalşyryldy
14.07.2025 08:06
10k+

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary çalşyryldy

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy
14.07.2025 08:01
12k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Serdar Agamyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwletmämmet Ýazmämmedowiç
Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy
14.07.2025 07:53
6.1k+

Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy

Täze Kaledoniýanyň syýasy güýçleri özbaşdaklyga eýe boljak täze döwleti döretmek barada ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol Fransiýadan doly garaşsyz bolmaz we onuň düzüminde galar. Resminama 12-nji iýulda Parižiň etegindäki Bužiwalda gol çekildi diýip, Politico habar berýär
Türkmenistanyň wekilleri "Ýüpek ýoly - 2025" halkara ralli ýaryşyna gatnaşýar
14.07.2025 07:50
8.9k+

Türkmenistanyň wekilleri "Ýüpek ýoly - 2025" halkara ralli ýaryşyna gatnaşýar

Irkutsk şäherinde (RF) «Ýüpek ýoly» atly 15-nji halkara rallisi-marafony başlandy. Bu ýaryşa Türkmenistanyň adyndan T2 seriýaly wnedorožnikler synpynda çykyş edýän üç ekipaž gatnaşýar. Türkmenistanyň awtosport
Merab Dwalişwili Mahaçewden öňe geçip, ESPY tarapyndan ýylyň söweşijisi boldy
14.07.2025 07:39
9.4k+

Merab Dwalişwili Mahaçewden öňe geçip, ESPY tarapyndan ýylyň söweşijisi boldy

Neşwillde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynda UFC promouşeni “UFC-de ýylyň söweşijisi” nominasiýasynda ESPY 2025 baýragynyň ýeňijisini yglan etdi. Ol iň ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili boldy. Gruzin-ispan
Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy
14.07.2025 07:36
2.9k+

Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy
“Çelsi” “PSŽ-ni” utup, Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy
14.07.2025 07:35
13k+

“Çelsi” “PSŽ-ni” utup, Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy

Londonyň “Çelsisi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda Fransiýanyň “PSŽ” toparyny 3:0 hasabynda utdy. Aýgytly oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi. Gollaryň ählisi oýnuň birinji ýarymynda girizildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy
13.07.2025 20:14
32k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy boldy
Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar
13.07.2025 19:43
5.4k+

Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar

Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy
Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi
13.07.2025 19:35
9.6k+

Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy. Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%)
Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy
13.07.2025 19:24
9.8k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy
Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler
13.07.2025 19:23
3k+

Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler

Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň alymlary ýara bitiriji dermanlary döretmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryndan edilen peptidleri ulanmagy teklip etdiler. Işläp taýýarlama melhemleriň, gelleriň we suwuk plastyrlaryň bir toparynyň çykarylmagy bilen tamamlanar
Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär
13.07.2025 19:20
4.8k+

Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär

Tesla Los-Anjelesde öz firma restorany we awtokinoteatry bolan, elektrik ulaglar üçin ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Santa-Monika bulwaryndaky desganyň gurluşyk haýatlary eýýäm aýryldy we ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar
YouTube “Trendde” bölümini ýapýar. Ol tematiki çartlar bilen çalşyrylar
13.07.2025 19:12
1.7k+

YouTube “Trendde” bölümini ýapýar. Ol tematiki çartlar bilen çalşyrylar

YouTube 2015-nji ýyldan bäri hereket eden “Trendde” sahypasynyň we “Häzir trendde” sanawynyň ýapylýandygyny habar berdi. Olaryň deregine platforma tematiki çartlary işe girizer, olarda kontent aýdym-saz wideolary, podkastlar we kinotreýlerler ýaly kategoriýalar boýunça bölner
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.