Öňümizdäki dynç günlerinde Usik-Dýubua tutluşygy geçiriler: senesi, wagty, nireden görmeli

15.07.2025, 10:188,028

20-nji iýula geçilýän gije Londonda (Beýik Britaniýa) ukrainaly Aleksandr Usik (23-0, 14 KO) bilen britaniýaly Daniel Dýubuanyň arasynda iň agyr agram derejesinde (90,7 kg-dan ýokary) dünýä çempiony diýen ada mynasyp bolmak ugrundaky jogap söweşi geçiriler.

Tutluşyk boks agşamynyň esasy wakasy bolar. Boksçylaryň arasyndaky birinji söweş 2023-nji ýylyň awgust aýynda Polşada bolup, Usik dokuzynjy raundda nokaut bilen ýeňiş gazanypdy.
Boks agşamy 19-njy iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 21:30 başlar. Usik – Dýubua tutluşygy, takmynan, ýarygijeden soň 01:30-da bolar. Göni görkeziliş Sky Sports teleýaýlymynda, şeýle hem DAZN akym platformasynda ýaýlyma berler.
Mundan öň Usik iki gezekki duşuşygynda Taýson Fýurini ýeňipdi. Dýubua soňky söweşinde bäşinji raundda Entoni Joşuany nokauta gidirdi.