Derrik Lýuis UFC on ESPN 70 agşamynyň esasy söweşinde Teýşeýrany 35 sekuntda nokaut etdi

14.07.2025, 19:0617,916
1 / 2

13-nji iýulda ABŞ-nyň Neşwil şäherinde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynyň esasy tutluşygynda agyr agramda amerikaly  söweşiji Derrik Lýuis braziliýaly Tallison Teýşeýrony birinji raundda 35-nji sekuntda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Lýuis ilkibaşda garşydaşyndan urgy aldy, emma tizden hüjüme geçip, Teýşeýrany aýakdan düşürip, onuň üstüne urgy ýagdyrdy. Emin söweşi saklady. Bu ýagdaý braziliýaly söweşijiniň burçunda nägilelik döretdi — onuň tälimçileri tutluşygyň wagtyndan öň saklanandygyny aýtdylar.
Bu ýeňiş Lýuis üçin karýerasynda 29-njy boldy. Onuň hasabynda şeýle hem 12 ýeňliş we 1 netijesiz tamamlanan söweş bar. Teýşeýra bolsa MMA-da alty ýeňiş gazanypdy, bu bolsa onuň ilkinji ýeňlişi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.