Ş.Durdylyýew «Aşgabat-sitiniň» gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe ýollanyldy

10.07.2021, 08:2128,552

Giňişleýin Hökümet mejlisinde gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 115,2 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli, Ş.Durdylyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygyny göz öňünde tutup, Şamuhammet Durdylyýewi “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe ýollady.
Ş.Durdylyýewiň eýelän wezipesine Çarymyrat Purçekow bellenip, ol Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.