Wels şa gyzy Keýt Middlton bir günde Beýik Britaniýanyň iň belent üç depesine çykdy

Şu gün, 16:291,716

Wels şa gyzy Keýt Middlton 24 sagatda Beýik Britaniýanyň iň belent üç dagyna çykyp, «Üç depe» çellenjini tamamlady. Ol bu hereketi ozal özüniň onkologik kesel boýunça bejergi alan «Marsden patyşalyk hassahanasyny» goldamak maksady bilen amala aşyrdy. Bu barada şa gyzy Instagram sahypasynda habar berdi.

«Rak diňe bir bedene täsir etmän, eýsem biziň pikirlerimizi, duýgularymyzy üýtgedýär we durmuşymyzyň her bir ugruna täsir edýär. Meniň üçin «Milli Üç Depe» synagyna gatnaşmak diňe bir fiziki synag däl-de, eýsem keselden daşarky durmuşy doly ýaşap bilmek mümkinçiligi boldy. Marsden patyşalyk hassahanasynyň meniň üçin aýratyn ähmiýeti bar: hünärmenleriň aladasy we tejribesi, hakykatdan-da, köp adamyň durmuşyny düýpli üýtgedýär» – diýip, Keýt Middlton ýazdy.

Kensington köşgüniň habar bermegine görä, Keýt Middlton Britaniýanyň patyşalyk maşgalasynyň üç depäni eýelän ilkinji agzasy boldy.

Bu synagyň çäklerinde şa gyzy Şotlandiýadaky Ben-Newis dagyna, Angliýadaky Skofell-Paýk dagyna galdy we bu ugruny Welsdäki Snoudon depesinde tamamlady. Pyýada ýörelen ýoluň umumy aralygy 37 kilometr (23 milýa), umumy belentlik 3048 metr, ýerleriň arasyndaky awtomobilde geçilen aralyk bolsa 743 kilometr boldy. Keýt Middlton ähli ýoly ýerli dag halasgärleriniň ugratmagynda özbaşdak geçdi. Ýoluň iň soňky nokadynda ony şazada Wilýam, çagalary, ene-atasy we dogany garşylady.

Ýatlap geçsek, Keýt Middlton 2024-nji ýylyň martynda özünde onkologik keseliň ýüze çykarylandygyny habar beripdi. Sentýabr aýynda ol himiýa bejergisini tamamlandygyny, 2025-nji ýylyň ýanwarynda bolsa keseliň gaýdyşandygyny mälim etdi. Onuň keseli barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär, ýöne Kensington köşki şa gyzynyň doly sagalandygyny aýdýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.