Beýik Britaniýada 56 ýaşly döwlet işgäri Kaşim Çoudhuri kezzapçylygyň dokuz ýagdaýy babatda günäli diýlip ykrar edildi. Ol bir wagtyň özünde birnäçe döwlet edarasynda doly iş güni bilen işläp, muny iş berijilerinden gizläpdir. Umuman alanyňda, ol galplyk ýoly bilen býujetden 284 müň funt sterlingden (takmynan, 381 müň dollardan) gowrak aýlyk hakyny alypdyr. Bu barada BBC habar berýär.
2020–2023-nji ýyllar aralygynda Çoudhuri döwlet ulgamynda sekiz dürli wezipede işläpdir. 2023-nji ýylyň ýazynda bolsa şol wezipeleriň bäşisinde bir wagtyň özünde zähmet çekipdir. Onuň iş berijileriniň arasynda Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministrligi, Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrligi, Içeri işler ministrligi, şeýle hem birnäçe döwlet agentligi bar.
Iň köp işlenen döwürde onuň zähmet şertnamalary boýunça hepdelik iş wagty jemi 183 sagada ýetipdir. Bu bolsa ýedi günden hem köp bolýar.
Çoudhuri näsag ejesine seretmek üçin berilýän rugsatdan peýdalanyp, doly gün tertibinde uzak aralykdan işläpdir.

Oturdaşlar ýedi sagat dowam eden maslahatdan soň biragyzdan Çoudhurini günäli diýip ykrar etdiler. Ol kazyýetde öz hereketlerini şikeslenmeden soňky stres bozulmasy we eklenç çeşmesini ýitirmek gorkusy bilen düşündirmäge synanyşypdyr.
Kazyýet derňewinde onuň ýolbaşçysy bilen geçiren wideosöhbetdeşligi aýratyn üns çekdi. Çoudhuri söhbetdeşlikde ýüzüne ak reňkli makiýaž çalyp, özüni syrkaw ýaly görkezmäge synanyşypdyr. Ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ony der basyp, boýnuna çalan reňki akyp başlapdyr.
Prokuratura onuň hereketlerini «yzygiderli we öňünden meýilleşdirilen aldaw» diýip häsiýetlendirdi. Daşky gurşaw ministrligi bolsa oňa tölenen pullary yzyna gaýtaryp almak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini mälim etdi. Kazy Çoudhurä «örän uzak möhletli türme tussaglygynyň» garaşýandygyny duýdurdy we ony kepillik esasynda boşatmakdan ýüz öwürdi.