Sadyr Japarow Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyzystana sapar bilen çagyrdy

15.03.2022, 15:081,264

Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany Sadyr Japarow Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi diýip, gyrgyz Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Japarow hatynda Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ösüş ýolunda uly ösüşlere ýetjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem, ol türkmen-gyrgyz strategiki gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga umyt edýändigini belledi we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini özi üçin amatly wagtda Gyrgyzystana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.