2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň we BMG-niň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we adam hukuklary ulgamyndaky halkara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda medeni dialogy we özara düşünişmegi ösdürmekde jemgyýetiň eýeleýän ornuny belledi. Şeýle hem däp bolan Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni taslamalaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orna eýedigi nygtaldy.
Günüň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalik bilen hem netijeli gepleşikler geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Ählumumy döwürleýin synyň adam hukuklary babatyndaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmäge ýardam berýän netijeli halkara mehanizmdigi nygtalyp, onuň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alşyldy.
Taraplar inklýuziw jemgyýeti ösdürmek, deň mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça, şeýle-de tejribe alyşmak, bilermen goldawy hem-de bilelikdäki başlangyçlar arkaly özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.